Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Has gowy durmuş gözleginde watanyny terk eden owgan ene we onuň gyzlary aşa suwsuzlykdan heläk boldy

Eýrandan deport edilen owgan bosgunlary watanyna dolanýar. (Arhiw suraty)
Eýrandan deport edilen owgan bosgunlary watanyna dolanýar. (Arhiw suraty)

Nizam Hemathil habary eşidende, Eýranyň Pakistan bilen serhediniň golaýyndaky çetki künjegine tarap howlukdy.

Owganystandan gelen bikanun migrantlaryň bir topary Eýranyň günorta-gündogaryndaky Sistan-Beluçistan welaýatynda heläk boldy.

Hemathil Mak Suhteh obasyna baranda, ol ýerde öweý ejesiniň we onuň dört gyzynyň jesetlerini tapdy.

“Olaryň ölümine suwsuzlyk sebäp boldy” diýip, Hemathil Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň "Radio Azadi" owgan gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

“Men olaryň jesetlerini özüm tapyp aldym” diýip, ol sözüne goşdy.

Daşary ýurtda ýerleşýän Eýranyň adam hukuklaryny gorap çykyş edýän "Halwaş" (Halvash) toparynyň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän ene we onuň dört gyzy sentýabr aýynyň ortalarynda Pakistanyň üsti bilen Eýrana geçenden soň, aşa suwsuzlykdan ölen 17 owganystanlynyň arasyndady.

Bu ölümler, aşa garyplykdan we “Talybanyň” repressiw dolandyryşyndan gaçmak üçin Eýrana bikanun geçmek töwekgelçiligini öz üstüne alýan owgan migrantlarynyň we bosgunlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan howplaryny ýene bir gezek äşgär etdi.

Aşa garyplykdan gaçmak

Hemathiliň öweý ejesi we onuň 6-15 ýaş aralygyndaky dört gyzy Eýrana onuň ýanyna barmak üçin ýola düşüpdiler.

Maşgalanyň ähli agzalary has gowy durmuşyň gözleginde Eýrana göçüpdi, ýöne olaryň köpüsi geçen ýyl Owganystana dolanyp bardy.

“Biz [Owganystanda] täzeden başlamagyň ugruny tapmagyň ýerine, ýygnan, tygşytlan ähli serişdelerimizi gutardyk” diýip, maşgalasy Owganystanyň demirgazygyndaky Baglan welaýatyndan bolan Hemathil aýtdy.

“Iş azdy we maşgalanyň özlerini üpjün etmegi üçin hakyky ýol ýokdy” diýip, ol sözüne goşdy.

“Netijede, başga çäre galmandygy sebäpli, olar aman galmak üçin Eýrana gaýdyp gelmäge mejbur boldular” diýip, Hemathil belledi.

2021-nji ýylda Owganystanda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi dünýädäki iň uly ynsanperwer krizisleriň birini has-da çuňlaşdyrdy. Halkara ösüş kömeginiň ýoklugy sebäpli, işsizligiň we garyplygyň artmagy bilen owgan ykdysadyýeti has-da pese gaçdy.

Bu aralykda, berk yslamçy topar adam hukuklaryny gödek bozýar, şol sanda sud edilmezden öldürmeleri we gynamalary amala aşyrýar, bu bolsa adamlaryň köpçülikleýin goňşy ýurtlara göçüp gitmegine getirýär.

Agyr ýagdaý

Hemathiliň öweý ejesi we onuň ýaş gyzlary özleri bilen suw alman gaýdyp, Eýranyň serhedinden geçdiler diýip, bu syýahatda olara ýoldaşlyk eden garyndaşlarynyň biri aýtdy.

Olar bilen bilelikde gelen, Hemathiliň öweý ejesiniň ogly bolsa aman galypdyr.

“Oglanyň ýagdaýy agyrdy. Ol zenanlary yzynda galdyrdy” diýip, garyndaşy aýtdy.

“Ýerli ýaşaýjylar ony [Eýranyň] Sarawan şäherçesine alyp gitdiler we bagtymyza, häzir onuň ýagdaýy gowy” diýip, ol sözüne goşdy.

“Talybanyň” diplomatik çeşmesi “Radio Azadi” gullugyna beren maglumatynda bir enäniň we onuň dört gyzynyň 11-nji sentýabrda Eýrana geçýän mahaly aşa suwsuzlyk sebäpli ölendigini tassyklady. Emma çeşme "Halwaş" toparynyň 17 owgan raýatynyň ölendigi baradaky beýanatyny sorag astyna aldy.

“Halwaş” topary ýerli ýaşaýjylaryň gabyr gazýandygyny görkezýän wideony paýlaşdy. Başga bir wideoda bolsa adamlaryň Owganystanyň iki esasy diliniň biri bolan puştu dilinde wagyz diňleýän ýaly bolup görünýär.

Ölüm howply ýollar

Onýyllyklaryň dowamynda millionlarça owgan raýaty uruşdan, yzarlamalardan we garyplykdan gaçyp, Eýranda gaçybatalga gözledi. 2021-nji ýyldan bäri başga-da ýüzlerçe müň adam Yslam respublikasyna göçdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça agentligi (UNHCR) Eýranda takmynan 4,5 million owganystanlynyň ýaşaýandygyny, olaryň 2 milliondan gowragynyň resminamasyz migrantlardygyny çaklaýar.

Resminamasy bolmadyk owganlaryň köpüsi bikanun ýollar arkaly Eýrana geçmek üçin gaçakçylara pul berýärler. Bu ýol örän muşakgatly bolup, migrantlar köplenç azyk we suw üpjünçiligi bolmadyk daglyk we çöllük sebitlerden geçmeli bolýarlar.

Iýul aýynda Owganystanyň günorta-gündogarynda, Eýran bilen serhediň golaýyndaky çölde 14 sany owgan migrantynyň jesedi tapyldy. Bu toparyň Eýrana bikanun ýol bilen geçmäge synanyşandygy çaklanylýar.

Migrantlaryň suw ýa-da iýmit ýetmezçiliginden heläk bolandygy barada mundan ozal hem habarlar peýda bolupdy.

Iranian Film Casts Real Refugees To Show Plight Of Displaced Afghans
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:13 0:00

Eýran bikanun migrantlara garşy ýowuz göreş alyp barýan mahaly, köp owganystanly üçin uzynlygy 921 kilometre barabar bolan serhedi geçmek barha howply ýagdaýa öwrüldi.

“Talyban” resmileriniň maglumatyna görä, dekabr aýynda eýranly serhetçiler Owganystanyň günbataryndaky Farah welaýatyndan Eýrana bikanun giren azyndan 10 owgan raýatyny atyp öldüripdirler. Noýabr aýynda bolsa, serhetçiler tarapyndan ýene ýedi adam öldürilipdir.

Bu wakalar owganlaryň öz ýurtlaryndaky garyplykdan we agyr ykdysady ýagdaýdan gaçmak üçin nähili töwekgelçiliklere baş goşmaga taýýardyklaryny görkezýär.

“Olar öz geljegi barada pikir edýärler, eger Eýrana barsalar, azyndan iş tapyp, maşgalalary üçin has gowy durmuş üpjün etmek üçin pul gazanyp biljekdiklerine ynanýarlar” diýip, Germaniýada ýaşaýan we migrantlaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist Sefatullah Zahedi “Radio Azadi” gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

Makala Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň (Radio Azadi) maglumatlary esasynda Farangis Najibullah tarapyndan taýýarlandy.
Bu maglumat şunuň bölegidir
​
XS
SM
MD
LG