Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat. Russiýada geçen ýyl azyndan 50 adam bendilikde öldi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Geçen ýyl Russiýanyň deslapky tussaghanalarynda, ýörite tussaghanalarynda, kazyýet, polisiýa merkezlerinde we polisiýa awtoulaglarynda azyndan 50 adam heläk boldy diýip, hökümet edaralarynyň hasabatlaryny we metbugat habarlaryny seljeren "Next” topary aýtdy.

Toparyň 31-nji ýanwarda çap eden hasabatynda aýdylmagyna görä, 22 adam deslapky tussaghanada saklanylýan wagtynda öldi, 14 adam bolsa polisiýa bölüminde saklanylýan wagtynda heläk boldy.

Ölenleriň arasyndaky iň ýaş raýat 13 ýaşly mekdep okuwçysy boldy. Polisiýa ofiserleri ony “Belaýa Gora” atly ýakut obasyna, ýaşaýan ýerine huşsuz ýagdaýda getirdiler.

XS
SM
MD
LG