Dünýäniň ýadro ýaragly dokuz döwleti, 2023-nji ýylda olara öňüni alyş çäresi hökmünde bolan ynamyň ýokarlanmagynyň arasynda, öz ýadro arsenallaryny has döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirýär diýip, Şwesiýanyň pikir merkeziniň 17-nji iýunda çap eden täze hasabatynda aýdylýar.
"Sowuk uruş döwrüniň ýaraglarynyň kem-kemden sökülmegi bilen dünýädäki ýadro ýaraglarynyň umumy sanynyň azalmagy dowam edýän hem bolsa, gynansak-da, biz ulanarlykly ýadro ýaraglarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny görýäris" diýip, Stokgolm halkara parahatçylyk barlaglary institutynyň (SIPRI) müdiri Dan Smit aýtdy.
"Bu tendensiýa, görnüşinden, saklanjaga meňzeýär we, ähtimal, ýakyn ýyllarda has güýçlener. Bu adatdan daşary aladaly ýagdaý” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Russiýa we onuň ýarany Belarus şu aýyň başynda taktiki ýadro ýaraglaryny ýerleşdirmek boýunça türgenleşigiň ikinji tapgyryna başlady. Analitikleriň aýtmaklaryna görä, bu Kremliň Günbatary Ukraina berýän goldawyny güýçlendirmekden sowatmak üçin edýän tagallalarynyň bir bölegi bolup görünýär.
Ýadro ýaraglaryny ýok etmek baradaky halkara kampaniýanyň (ICAN) 17-nji iýunda çap eden hasabatynda bolsa, ýadro ýaragly dokuz döwletiň 2023-nji ýylda öz ýadro ýarag programmalaryna jemi 91,4 milliard dollar sarp edendigi aýdylýar.
Maglumat üçin aýdylsa, Ženewada ýerleşýän ýaragsyzlanmak koalisiýasynyň aktiwistleri 2017-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolupdylar.
Ýadro ýaraglaryny ýok etmek baradaky halkara kampaniýanyň getirýän sanlary 2023-nji ýylda, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ýadro ýaraglary üçin harçlanan serişdeleriň 10,7 milliard dollar artandygyny görkezýär. Ýadro ýaraglary üçin harçlanýan serişdeleriň ýokarlanmagynyň 80 göterimi Birleşen Ştatlaryň paýyna düşýär.
ABŞ-nyň bu ugurdaky umumy çykdajylarynyň möçberi 51,5 milliard dollar bolup, ýadro ýaragly beýleki ýurtlaryň bilelikde edýän çykdajysyndan hem köp bolýar.
ABŞ-dan soň iň köp çykdajy eden ýurt Hytaý bolup, bu ýurduň ýadro ýaraglaryna eden çykdajylary 11,8 milliard dollar boldy. Russiýa ýadro ýaraglary üçin kän çykdajy etmekde üçünji bolup, bu ýurduň harajatlary 8,3 milliard dollar boldy diýip, hasabatda aýdylýar.
Stokgolm halkara parahatçylyk barlaglary institutynyň hasaplamalaryna görä, ýerleşdirilen 2100 töweregi ýadro ýaragy ballistik raketalarda, ýokary derejeli amaly hüşgärlik ýagdaýynda saklanyldy we bularyň tas hemmesi diýen ýaly Russiýa ýa-da ABŞ-a degişli diýlip çaklanylýar. Emma muňa garamazdan, Hytaýyň hem käbir ýadro ýaraglaryny ilkinji gezek ýokary amaly hüşgärlik ýagdaýyna getirendigi aýdylýar.
Stokgolm halkara parahatçylyk barlaglary institutynyň aýtmagyna görä, Russiýa bilen Birleşen Ştatlar bilelikde dünýädäki ähli ýadro ýaraglarynyň tasdan 90 göterimine eýe bolup durýar. Hasaplamalara görä, Russiýa 2023-nji ýylyň ýanwaryndaka garanda amaly güýçlerde çen bilen 36 ýadro ýaragyny köp ýerleşdiren hem bolsa, bularyň harby ätiýaçlyklarynyň göwrümi 2023-nji ýylda degişlilikde durnukly bolup galana meňzeýär diýiň, gözegçilik gullugy aýtdy.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlanyndan soň iki ýurtda hem ýadro ýaraglary meselesindäki aýdyňlyk, aç-açanlyk ýagdaýy peseldi, ýadro ýaraglaryny bilelikde ulanmak ylalaşygynyň töweregindäki çekişmeleriň ähmiýeti bolsa ýokarlandy diýip, Stokgolm halkara parahatçylyk barlaglary institutynyň 2024-nji ýyldaky ýyllyk hasabatyna aýdylýar.
Waşington Russiýa bilen ikitaraplaýyn strategiki durnuklylyk gepleşiklerini togtatdy we Moskwa geçen ýyl Täze START ýadro şertnamasyna gatnaşygyny togtadýandygyny mälim etdi.
Forum