Türkiýäniň graždanlary bilen nika baglaşýanlaryň sany boýunça özbek zenanlary ikinji orny eýelediler. 2023-nji ýylyň statistikasyna seretseň, özbek gelinlerinden, diňe siriýaly gelinler öňde barýar. Soňky ýyllarda türk raýatlary bilen nikalaşmagyň sany boýunça Russiýadan bolanlar we azerbaýjan gelinleri öňdeligi eýeläp gelipdi.
Bilermenleriň bellemegine görä, "migrasiýa nikalarynda" köplenç ykdysady faktorlar öňde durýar. Ýöne Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan özbek zenanlarynyň arasynda, işsizlikden ýa-da başga kynçylyklardan daşary-da, maşgaladaky zorluk-sütemden gutulmak üçin, ýurdundan gaçýanlar hem bar.
«Altyndan dagy ýa-da asmandaky aýy wada beremok»
Asly Daşkentden bolan Nargiza Unal 13 ýyl mundan ozal türk raýaty Adnanbeý Unal bilen durmuş gurdy. Bularyň häzir üç çagasy bar. Nargiza Türkiýä gelende, biraz pul gazanyp, ýene Özbegistana dolanjak eken, ýöne geljekki ýanýoldaşy bilen tanşansoň, pikirini üýtgedipdir. Nargiza Adnanbeýiň bir diýen sözi üçin, onuň bilen maşgala gurmagy ýüregine düwendigini aýdýar.
– Oňa ynanyp, gutarnykly karara gelmegim üçin, aýdan diňe bir sözi ýeterlik boldy. Adnanbeý maňa: «Men saňa altyndan dagy ýa-da asmandaky aýy wada beremok, diňe şu hem o dünýäde özüme ýanýoldaş gözleýän» diýdi. Soňra şeýle adam meni hiç haçan terk etmez, hiç wagt maňa dönüklik etmez diýip oýlandym. Men oňa söýgi bilen durmuşa çykmadym – diýip, Nargiza Unal gürrüň berýär.
Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, olaryň arasynda ýaş tapawut bar. Belki, şu sebäpden, Adnanbeýiň dogan-garyndaşlary onuň özbek raýaty bilen durmuş gurmagynyň uzaga çekjegine ynanan däldir diýip, Nargiza aýdýar.
– Ýoldaşymyň garyndaşlary oňa meniň diňe raýatlyk almak üçin, durmuşa çykýandygymy aýtdylar. Oňa: "Üç ýyldan raýatlygyny alyp, ol seni taşlar. Sen bir garyp, jaýyň ýok, onuň nämesine gerek?” diýdiler. Indi hiç kim hiç zat diýmeýär – diýip, Nargiza Unal Azatlygyň žurnalisti bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
«Durmuşa çykmak – entek graždanlyk almak däl»
Ýulduz Uzunaslan Türkiýede bagtyny tapan beýleki bir özbek zenanydyr. Ol 18 ýyldan bäri türk ýanýoldaşy we çagalary bilen Stambulda ýaşaýar. Ýulduz Uzunaslan “Yıldız Permit” ýuridiki firmasynyň başlygy, ol Özbegistanyň graždanlaryna dürli resminamalary taýýarlamakda, hususan-da, türk raýatlary bilen maşgala gurmak meselelerinde, hukuk maslahatyny berýär.
– Bize Özbegistandan bolup, türke durmuşa çykan ýa-da türk raýatlary bilen maşgala gurmakçy bolýan gyz-gelinler ýüz tutýarlar. Biz olara gerekli dokumentleri ýygnamaga kömek edýäris. Biziň aýallarymyzyň köpüsi türk graždany bilen durmuş gurup, 3 ýylyň içinde graždanlyk alarys diýip pikir edýärler. Emma bu beýle däl. Türk graždany bilen nikadan geçen aýal ýaşamak rugsadyny alýar. Bu resminama ilki bir ýyllyk berýär, soňra iki ýyla uzaldylýar. Türk polisiýasy olara mälim etmän, är-aýalyň durmuşyna gözegçilik edip başlaýar. Mysal üçin, goňşularyndan olaryň bile ýaşaýandygyny ýa-da ýaşamaýandygyny bilmäge synanyşýarlar. Är-aýal ýaşamak rugsadyny almak üçin, migrasiýa edarasyna baranlarynda, işgärler olary aýry otaglara äkidip, munuň galp nika däldigini anyklamak üçin gürrüň geçirýärler. Öňler biziň gyzlarymyz türk graždanlary bilen örän arkaýyn galp nika baglaşyp bilýärdiler, indi muňa mümkinçilik ýok diýerlik. Türk raýaty bilen durmuş gurmak beýle aňsat däl – diýip, Ýulduz Uzunaslan Azatlygyň Özbek gullugyna gürrüň berýär.
Türkçe nikalaşma
Türkiýäniň daşary ýurtlular bilen galp nikalara garşy göreşini güýçlendirendigine garamazdan, türk raýatlaryna durmuşa çykýan özbegistanly gyz-gelinleriň sany her ýyl artýar.
Türkiýäniň statistika guramasynyň (TÜIK) maglumatyna görä, 2022-nji ýylda daşary ýurtlular bilen türk raýatynyň 34,7 müň nikasy hasaba alyndy. Hususan-da, daşary ýurtly 28,6 müň gelin-gyz türklere durmuşa çykypdyr. Türk erkekleriniň köprägi siriýaly zenanlar bilen nikalaşypdyr (13,2%), özbeklerden (11,1%) we azerbaýjanlylardan (8,9%) gelin düşýär.
Türk raýatlary bilen nikalaşan özbek gelinleriniň sany hatda azerbaýjan gelinlerinden hem artyk bolmagy ilkinji gezek görülýär. Azeri gelin-gyzlary üçin, Türkiýäniň elmydama iň meşhur ýurtlaryň biri bolandygyny bellemek gerek. Türkiýe hem Russiýa ýaly, özbek migrant zenanlarynyň iň uly zähmet bazarlaryndan biridir.
Azatlygyň žurnalisti Türkiýede ýaşaýan özbeklerden, şeýle nikalara nähili garaýandygyny sorady.
– Türk raýatlary bilen nikalaşýan özbek gyzlaryna men nähili garaýaryn? Goý, olar özlerini nirede bagtly, gowy we oňaýly duýýan bolsa, şol ýerde ýaşasyn. Men häzir Türkiýede durmuşa çykan zenanlarymyza hem-de çagalary üçin dokumentleri almak kynçylygyna uçranlara ýygy-ýygydan duşýaryn. Eger ene-ata munuň bilen ylalaşyp, ony hiç kim mejbur etmese, onda gyz islendik ýurduň raýatyna durmuşa çykyp biler. Rusa ýa-da musulman däle çykandan, türk bilen durmuş gurmak gowudyr. Sebäbi Türkiýe musulman döwleti, ilatyň köp bölegi musulman, ýene däp-dessury-da biziňkä örän meňzeş – diýip, Stambulda ýaşaýan özbegistanly söwdagär we blogger Beknazar Rahmatow aýdýar.
– Men şeýle nikalara dogry garaýyşda. Her kim durmuş ýoldaşyny özi saýlaýar. Bu jelepçilik edenden, müň esse gowudyr. Goý, durmuşa çyksyn hem bir adamyň garamatynda bolsun – diýip, Stambulda Azatlygyň žurnalistine duşan özbegistanly aýal aýdýar.
– Men özbek zenanlarynyň türk raýatlaryna durmuşa çykmagyna garşy. Näme üçin diýseňiz, biziň ol ýerde çagalarymyz, ärlerimiz bar. Garaz, men şeýle nikalara garşy – diýip, Özbegistandan gelip, häzirki wagtda Stambulda işläp ýören başga bir aýal aýtdy.
Gelinleriň satylmagy
Soňky döwürlerde bolup geçen käbir ýaramaz wakalar nazara alynsa, Azatlygyň žurnalistiniň Stambulyň köçelerinde duşan käbir söhbetdeşiniň özbek gelinleri bilen türk ýigitleriniň arasyndaky nikanyň garşysyna çykyş etmegi geň ýagdaý däl.
Şeýle ýagdaýlardan biri geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda, Yeniden Başlasak («Ýaňadan başlasak») telekanalynda görkezildi. Telegepleşikde Rabiýa Gökçe we Barno Çelik atly aýallaryň türk ýigitleri üçin, Özbegistandan gelinlik getirjek diýip, 3 müň dollardan, 10 müň dollara çenli baha alýandygy barada gürrüň gozgaldy. Bu aýallardan Türkiýäniň Sparta, Burdur, Afýon we Denizli welaýatlaryndan, ýüzlerçe türk ýigitleriniň ejir çekendikleri ýüze çykdy.
Öýlenen türk ýigitleriniň telegepleşikde aýtmaklaryna görä, Rabiýa Gökçe bilen Barno Çeligiň özleri üçin tapan özbek gelinleri birnäçe günden, birnäçe aý aralygynda, ýigitleriň öýünde ýaşap, soňra özlerine berlen şaý-sepleri alyp gaçyp gidipdirler.
Käbir ýigitleriň aýtmagyna görä, Türkiýä esasan Fergana jülgesiniň dürli ýerlerinden, gelin-gyzlar getirilipdir, olar "gyzlygy bar" hökmünde ýa-da "Özbegistanda örän agyr şertlerde ýaşan naçarlar" diýlip görkezilipdir.
Birnäçe telegepleşik ýaýlyma çykarylandan soň, Türkiýäniň kanun goraýjy edaralary Rabiýa Gökçe bilen Barno Çeligi tussag etmegi başarypdyr. Aýallary prokuror soraga çekdi. Häzirki wagtda ol iki aýalyň işi boýunça barlag dowam edýär.
Bu aralykda, Yeniden Başlasak telegepleşigne gatnaşan özbek gelinleri hem türk raýatlaryna durmuşa çykanlaryndan soň dörän, öz kynçylyklaryny paýlaşdylar. Mysal üçin, Özbegistanyň graždany Rabiýa Artykowa türk äriniň öýünde, adamçylyga sygyşmaýan rehimsiz daraşmalara duçar bolandygyny aýdyp, nägilelik bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, äri hemişe öýe serhoş gelýär, urýar we köp halatda aç saklaýar. Onuň Özbegistana dogan-garyndaşlaryna telefon etmek ýaly ujypsyz haýyşlary-da, diňe jynsy islegini kanagatlandyransoň ýerine ýetirilipdir.
Stambulba ýerleşýän “Özbek zenanlarynyň hukuklaryny goramak” jemgyýetiniň başlygy Ozoda Islamowa Azatlyk bilen gürleşende, soňky iki ýylyň içinde, onuň ýolbaşçylyk edýän jemgyýetiniň 3500-den gowrak aýala hukuk, psihologik, sosial, ruhy we maddy taýdan kömek berendigini aýtdy.
– Gynansak-da, şeýle ýagdaýlar bar, biziň gyzlarymyz käbir tanyşlaryň maslahatyna eýerip ýa-da Internet arkaly düýpden nätanyşlar bilen tanşyp durmuş gurýarlar. Netijede, şeýle maşgalalarda eýýäm ilkinji aýlardan kynçylyklar döreýär. Biziň dilimiz dürli, kanunlar dürli. Muny seljermek üçin, wagt gerek bolýar. Kimiň oňa sabry ýetýär, käbiriniňki etmeýär – diýip, Ozoda Islamowa aýdýar.
Ol özbek zenanlaryna ýalançynyň wadalaryna ynanmazlygy maslahat berýär. Eger kim bu ýurtda durmuşa çykmak üçin, berk niýet bilen gelen bolsa, Islamowa geljekki ýanýoldaşynyň özüni alyp barşyny we durmuş şertlerini ilki ünsli öwrenmegi maslahat berýär.
– 20 ýaşyndaky gyz goňşy jorasynyň maslahatyna eýerip, hoşniýetli we owadan maşgalany döretmek islegi bilen Özbegistandan, Türkiýä gelipdir. Emma özüniň welaýatdaky çet bir obada mal bakmaga we meýdanda işlemäge getirilendigini bilende, ol gyz kömek sorap, bize ýüz tutdy. Biz bu işe girişenimizde, olaryň resmi taýdan durmuş gurmandygyny bildik. Şoňa görä biz oňa kömek etmek üçin, türk kanun goraýjy edaralary bilen habarlaşmaly bolduk – diýip, Stambuldaky “Özbek zenanlarynyň hukuklaryny goramak” jemgyýetiniň başlygy Ozoda Islamowa gürrüň berdi.
Galp nika garşy göreş
Eýýäm Türkiýä gelen ýa-da bu ýurduň raýatlaryna durmuşa çykmakçy bolýan özbek zenanlaryna itergi berýän ikinji çäre, soňky iki ýylyň dowamynda, türk häkimiýetleriniň daşary ýurtlulara, şol sanda özbeklere ýaşamak rugsadyny bermek meselesiniň has kynlaşdyrylmagy sebäpli bolýar.
Türkiýäniň häkimiýetleri ýaşamak rugsadyny ýa-da graždanlygy almak üçin, türk raýatlary bilen daşary ýurtlularyň arasyndaky galp nikalaryň sanynyň artmagyna çynlakaý alada bildirýär. Şeýle işleri ýüze çykarmak maksady bilen türk kanun goraýjy edaralary wagtal-wagtal dürli barlaglary geçirýärler. Şeýle operasiýalaryň biri Stambulda gurnalyp, şonda 11 adam saklandy. Olaryň arasynda raýat we maşgala registrasiýasynyň işgärleri, hukuk firmalarynyň wekilleri we terjimeçiler bar. Resmi maglumatlara görä, ol işleri edýänleriň edaralarynda barlag geçirilende, 2270 €, 1440 $, 930 £ we 80000 türk lirasy tapyldy.
"Yıldız Permit" hukuk firmasynyň başlygy Ýuduz Uzunaslan hem özbek zenanlaryna türk raýatlary bilen galp nikada durmagyň ýaramaz netijeleri barada duýduryş berýär.
– Men aýallarymyza galp nika ýaly hilegärçilige gol çekmezligi maslahat berýärin. Türkiýede muňa galplaşdyrma diýilýär. Daşary ýurtly adam Türkiýede hatda bir gezek dokument galplaşdyrmasy bilen tutulsa, häkimiýetler onuň ýurda girmegini hemişelik gadagan edip bilerler. Ýöne olar dokumentleriň möhletini uzaltmakdan gorkup, galp nika baglaşmaga mejbur bolýarlar. Bu gün olar şeýle nika baglaşýarlar, ertesi bolsa degişli häkimiýetler olary barlamak üçin öýlerine gelýär. Ahyrky netijede, türk raýaty bilen galp nikalaşan aýal ejir çekýär – diýip, Ýuluz Uzunaslan aýdýar.
Stambulda Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bilen söhbetdeş bolan Özbegistandan gerenleriň köpüsi bu ýurtda bagtyny tapjak bolýan öz ildeşlerine "ýedi ölçäp, bir kesmegi" maslahat berýärler. Olaryň sözüne görä, dünýäniň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkiýede hem ertekilerde aýdylýan, "ak atyň üstündäki şazadany" tapmak mümkin däl diýerlik. Bu ýurda maşgala gurmak niýeti bilen gelýän özbek gyzlarydyr aýallary azyndan, ýanýoldaşy bilen maşgala ýüküni deň çekmäge, durmuşyň ähli kynçylyklaryny bile başdan geçirmäge taýýar bolmaly diýip, olar hasap edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum