Azerbaýjanda hijaply gyzlaryň sapaklara goýberilmeýändigi baradaky habarlardan soň, ene-atalar we okuwçylar mekdep egin-eşigine girizilen täze talaplara garşy çykýarlar. Bu mesele ilatynyň aglabasy yslam dinine uýýan ýurtda dini ynanç azatlygy we dünýewi bilim baradaky jedelleri ýitileşdirdi.
Ministrler kabinetiniň 21-nji sentýabrda tassyklan üýtgetmesi mekdep egin-eşigine bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän ýa-da dünýewi bilimiň ýörelgelerine garşy gelýän egin-eşikleri geýmegi gadagan edýär.
Emma resminamada hijap barada gönüden-göni aýdylmaýar. Şonuň üçin täze düzgünleri nähili berjaý etdirmelidigi baradaky karar iş ýüzünde mekdep ýolbaşçylarynyň özüne galýar.
Bakuwdaky we beýleki şäherlerdäki ene-atalaryň aýtmagyna görä, mekdep ýolbaşçylary okuwçy gyzlardan baş ýaglyklaryny aýyrmagy talap edýärler, käbir ýagdaýlarda bolsa olary sapaklara asla goýbermeýärler. Muňa garşylyk hökmünde käbir okuwçylar sapaklara gatnaşmakdan ýüz öwürýärler.
12-nji oktýabrda Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi täze düzgünleri berjaý etmekden ýüz öwürmekde we jemgyýetçilik tertibini bozmaga synanyşmakda aýyplap, 37 adamyň saklanandygyny habar berdi.
Çagalary goramakmy ýa-da hukuklaryny bozmak?
Häzirki gapma-garşylyk Azerbaýjanda köpden bäri dowam edýän bir jedeli ýene ýitileşdirdi: mekdeplerde dini egin-eşige girizilýän çäklendirmeler çagalary daş-töweregindäkileriň basyşyndan goraýarmy ýa-da, tersine, olaryň hukuklaryny çäklendirýärmi?
«Çagalaryň şahsyýeti entek kemala gelýär. Olaryň dünýägaraýşy, saýlawlary we kararlary köplenç maşgalasynyň we daş-töwereginiň täsiri bilen kesgitlenýär» diýip, düzgünleriň berkidilmegini goldaýan deputat Elnara Akimowa aýtdy. Ol häkimiýet başyndaky «Ýeni Azerbaýjan» («Täze Azerbaýjan») partiýasyna wekilçilik edýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugy bilen söhbetdeşlikde ol üýtgetmeleriň maksadynyň bilim gurşawynyň bitaraplygyny üpjün etmekdigini düşündirdi.
Emma çäklendirmelere garşy çykýanlar düzgünleriň anyk beýan edilmändigini we täze talaplaryň dürli-dürli berjaý etdirilýändigini aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, bu ýagdaý çagalaryň bilim almak hukugyndan peýdalanmagyna esassyz päsgelçilik döredýär.
Bakuwyň ýaşaýjysy Gülmira Aslanowa gulluga beren gürrüňinde paýtagtyň Narimanow etrabyndaky 172-nji mekdebiň ýolbaşçylarynyň gyzynyň sapaklara baş ýaglyksyz gelmegini talap edendigini aýtdy.
Aslanowanyň pikiriçe, şeýle çäklendirmeler Konstitusiýada kepillendirilen dini ynanç azatlygyna we bilim almak hukugyna garşy gelýär.
«Biziň ýurdumyzda orta bilim hökmanydyr we her bir çaga mekdepde okamaly» diýip, ol nygtady. Şeýle hem ol çagalaryň bilim almagyna päsgel berýänleriň jogapkärçilige çekilmelidigini aýtdy.
Ýurt günortasyndaky Jelilabat şäherinde ýaşaýan okuwçylaryň ene-atalary hem şuňa meňzeş şikaýatlary öňe sürdüler.
Köpden bäri dowam edýän dawa
Häzirki düşünişmezlikler 2010-njy ýyldaky wakalary ýatladýar. Şonda-da mekdep egin-eşigine bildirilýän talaplarda hijap geýmäge mümkinçilik göz öňünde tutulmandy.
Şol ýylyň dekabrynda Bakuwda ýüzlerçe adam proteste çykdy. Soňraky demonstrasiýalary polisiýa dargadypdy, emma garşylyk 2011-nji ýylda hem dowam etdi.
Konstitusiýasyna görä, Azerbaýjan dini ynanç azatlygy kepillendirilen dünýewi döwletdir. Muňa garamazdan, ilaty takmynan 10,5 million bolan bu nebite baý ýurduň häkimiýetleri dini işjeňligi berk gözegçilikde saklaýarlar.
ABŞ-nyň Halkara dini azatlyk boýunça garaşsyz federal komissiýasy (USCIRF) 2026-njy ýyl üçin ýyllyk hasabatynda «dini ynanç azatlygynyň çynlakaý bozulmalary» sebäpli Azerbaýjany ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite gözegçilik sanawynda saklamagy maslahat berdi.
Emma komissiýanyň başlygy Wiki Hartsler has berk baha berilmegini goldady. Ol Azerbaýjany dini azatlygyň bozulmagy sebäpli aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hataryna goşmagy teklip etdi.
«Azerbaýjan söz ýüzünde dini ynanç azatlygyny goldaýandygyny aýdýar, emma iş ýüzünde munuň düýbünden tersini edýär» diýip, Hartsler ýazdy.
Ol öz garaýşyny esaslandyrmak üçin döwletiň dini durmuşa edýän gözegçiligini mysal getirdi. Munuň içine ymamlaryň bellenmegi, dini edebiýatyň tassyklanmagy, buthanalaryň hökmany hasaba alynmagy we musulmanlaryň ybadatlarynda okalýan wagyzlaryň taýýarlanmagyna häkimiýetleriň gatnaşmagy girýär.
Ýurt serhedinden aşan dini egin-eşik jedelleri
Hijaply okuwçy gyzlaryň ýagdaýy Azerbaýjanyň iň ýakyn ýaranlarynyň biri bolan Türkiýede ýiti seslenme döretdi.
Stambulda Azerbaýjanyň konsullygynyň öňünde protestler geçirildi. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň geňeşçisi bolsa hijap geýýän okuwçylaryň bilim almak hukugyndan mahrum edilmegini «ýol berilmesiz» diýip atlandyrdy.
«Azerbaýjanyň bu ýalňyşlygy mümkin boldugyça tiz düzetmegine garaşýarys» diýip, geňeşçi Oktaý Saral X sosial ulgamynda ýazdy.
Muňa jogap hökmünde Azerbaýjanyň häkimiýet başyndaky partiýasy Saralyň sözlerini «jogapkärçiliksiz» diýip atlandyrdy. Partiýa şeýle beýanatlaryň iki ýakyn ýaranyň gatnaşyklaryna zyýan ýetirip biljekdigini duýdurdy.
Jedeliň ýitileşýän wagtynda sosial ulgam ulanyjylary Türkiýäniň özünde-de köp ýyllaryň dowamynda uniwersitetlerde we döwlet edaralarynda baş ýaglyk dakynmaga çäklendirmeleriň bolandygyny ýatlatdylar. Bu gadaganlyklar 2010–2017-nji ýyllar aralygynda tapgyrlaýyn ýatyryldy.
Soňky ýyllarda hijap dakynmak meselesi sebitde ençeme gezek ýiti jemgyýetçilik we syýasy gapma-garşylyklara sebäp boldy.
Eýranda 2022-nji ýylda hijabyny «nädogry dakynandygy» öňe sürlüp saklanan 22 ýaşly Mahsa Amininiň tussaglykda ölmegi köpçülikleýin protestleri döretdi. Olar soňra «Zenan, durmuş, azatlyk» atly taryhy herekete öwrüldi.
Döwletiň hökmany eden yslam egin-eşik düzgünlerine garşy çykyş hökmünde başlanan protestler tiz wagtdan Yslam respublikasy üçin 1979-njy ýyldaky rewolýusiýadan bäri iň çynlakaý synaga öwrüldi. Bu hereket Eýran jemgyýeti bilen häkimiýet başyndaky režimiň arasyndaky garşylygyň häsiýetini düýpgöter üýtgetdi.
Häkimiýetleri dünýewi döwlet ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem mekdeplerde we iş ýerlerinde baş ýaglyk dakynmaga gadaganlyklar ýa-da çäklendirmeler girizilen. Bu çäreler musulman ilatyň we hukuk goraýjylaryň tankydyna sezewar bolýar.
Hususan-da, Täjigistanyň we Özbegistanyň häkimiýetleri köçelerde hijaply zenanlary nyşana alýan barlag çärelerini geçirendikleri üçin tankyt edildi.
Forum