Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hili pes diýip, Owganystan Türkmenistanyň suwuklandyrylan gazyny yzyna iberdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Owganystan Türkmenistandan iberilen suwuklandyrylan gazy hiliniň pesligi üçin yzyna gaýtardy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” Owganystanyň "Baktar" habar gullugyna salgylanyp habar berdi.

Owganystanyň standartlar baradaky milli müdiriýetiniň karary esasynda, 17 maşyn ýüki suwuklandyrlan gaz Turgundy gury portundan yzyna ugradyldy.

2022-nji ýylyň iýulynda, gaz nyrhlarynyň ýokarlanmagy sebäpli, Owganystan Türkmenistandan suwuklandyrylan gazyň “müň tonnasyny” import etmek barada şertnama baglaşdy diýip, habarda bellenýär.

Biraz öň metbugatda Türkmenistandan iberilen suwuklandyrylan gaz ýükleriniň ilkinji tapgyrynyň Pakistana gelip ýetendigi habar berildi.

Yslamabadyň Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz almak planlary 2022-nji ýylyň dekabrynda belli boldy.

XS
SM
MD
LG