Hindistanyň Gurgaon (Gurugram) şäherinde polisiýa eşiklerini geýen bir topar adam Özbegistanyň bu ýurda saglyk syýhatçylygyna gelen bir raýatynyň puluny ogurlady diýip, “Dunýo” gullugy hindi metbugatyna salgylanyp habar berýär.
Habarda aýdylmagyna görä, 23-nji dekabr güni, agşam sagat 9 töweregi bolýan myhmanhanalaryna gaýdyp gelen üç dogan, resminamalaryny barlamak bahanasy bilen, bir topar polisiýa işgäri tarapyndan saklanýar.
Özlerini polisiýa işgäri diýip atlandyran adamlar özbek raýatlarynyň sumkalaryny gözden geçirip, onuň içindäki 16 müň dollary ogurlap, gözden uçdular diýip, habarda aýdylýar.
Özbegistanly B.S. Gurugramdaky hassahanada böwrek transplantasiýasy operasiýasyny etdirmek üçin Hindistana gelipdi. Ol pulunyň ogurlanandygyny aýdyp, ýerli polisiýa bölümine ýüz tutdy.
"Awtoulagdaky adamlar özlerini polisiýa işgärleri hökmünde tanatdylar, şahsyýetnamalaryny görkezdiler we biziň sumkalarymyzy barlamalydygyny aýtdylar" diýip, ol gürrüň berdi.
Gurugram polisiýa merkezinde derňew işleri alnyp barylýar.