Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HOK ukrainaly skeletoneçi Geraskewiçi diskwalifikasiýa etdi

 Wladislaw Geraskewiç
Wladislaw Geraskewiç

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) ukrainaly skeletoneçi Wladislaw Geraskewiçi diskwalifikasiýa etdi we Italiýanyň Milan hem-de Kortina d’Ampeçço şäherlerinde geçirilýän Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna rugsat bermedi. Maglumata görä, munuň sebäbi türgeniň Russiýa bilen uruş döwründe heläk bolan ukrain türgenleriniň suratlary ýerleşdirilen kaskany türgenleşiklerde we ýaryşlarda ulanmagy gadagan edýän HOK-nyň kararyna boýun bolmakdan ýüz öwürmegi bilen bagly.

HOK-nyň beýanatyna görä, Geraskewiç bilen köp gezek pikir alşylandygyna, şol sanda onuň HOK-nyň prezidenti Kirsti Kowentri bilen ýüzbe-ýüz duşuşygyna garamazdan, ukrain türgeni “hiç bir ylalaşyk görnüşine razy bolmady”.

HOK Geraskewiçe türgenleşik wagty kaskany ulanmaga, şeýle hem ýaryş tamamlanandan soň kaskany bada-bat görkezmäge mümkinçilik berendigini, emma ýaryşyň dowamynda rugsat berilmändigini nygtady. Beýanatda munuň düzgünlere garşy gelýändigi we türgeniň birnäçe gezek islendik ýagdaýda kaskany dakjakdygyny mälim edendigi bellenilýär.

HOK bu kararyň türgeniň mälim etmek islän beýanaty bilen däl-de, düzgünleriň bozulmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. HOK-nyň aragatnaşyk boýunça direktory Mark Adams: “Dünýäde 130 konflikt bar. Her kim gynanjyny beýan etse, bu eýýäm ýaryş bolmaz. Bu bulaşyklyga getirýär. Meseläniň mazmuny däl, ony etmek islän ýeri möhüm” diýip belledi.

“Suspilne” neşiri türgeniň teswirini çap etdi. Geraskewiçiň pikirine görä, ol hiç bir düzgüni bozmandyr we “soňky günlerde muňa meňzeş zatlary eden beýleki türgenler ýaly, şol kaska bilen çykyş etmäge doly hukugy bardy”. Ol kaskanyň “syýasy many-mazmun götermändigini” nygtady.

Ukrainanyň daşary işler ministri Andreý Sybiha HOK-nyň kararyny tankytlady.

XS
SM
MD
LG