Halkara adam hukuklary guramasy “Human Rights Watch” Gazagystanyň Konstitusiýa komissiýasy tarapyndan teklip edilen konstitusion üýtgetmeleriň gözegçilik we deňagramlylyk ulgamyna, şeýle hem esasy adam hukuklaryna wehim salýandygyny aýtdy.
Gazak häkimiýetleri bu reformany "kanuny we tertibi" berkitmek, syýasy ulgamy döwrebaplaşdyrmak üçin görülýän çäre hökmünde häsiýetlendirýärler.
Emma muňa garamazdan, "Human Rights Watch" guramasy käbir sözleriň, hususan-da, jemgyýetçilik tertibiniň we ahlagyň bähbitleri üçin hukuklara çäklendirme girizilmegine ýol berýän sözleriň düşnüksizdigini, olaryň söz azatlygyny, birleşmek we parahatçylykly ýygnanyşmak hukuklaryny çäklendirmek üçin eden-etdilikli ulanylyp bilinjekdigini öňe sürýär.
Şeýle-de, adam hukuklaryny goraýjylar syýasy partiýalaryň we kärdeşler arkalaşyklarynyň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilmegini gadagan edýän, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň daşary ýurtlardan alýan goldawy barada maglumatlary açmagyny talap edýän düzgünleri, iş taşlamak hukugynyň asla agzalmazlygyny tankyt edýärler.
Olaryň pikiriçe, bular raýat jemgyýetine basyş edilmegine alyp geler.