Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW gazak resmilerini aýallaryň hukuklaryny goraýjy aktiwiste ýöňkelýän “galp” aýyplamalary ýatyrmaga çagyrýar


Dinara Smailowa
Dinara Smailowa

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy gazak resmilerini aýallaryň hak-hukuklaryny goraýjy Dinara Smailowa, onuň işi bilen ilteşikli jenaýat aýyplamalaryny ýöňkemek arkaly edilýän basyşlary togtatmaga çagyrdy.

Geçen dekabryň aýagynda Gazagystanyň sudy öz-özünden bosgunlyga çykan we bu Merkezi Aziýa döwletinde maşgaladaky zorluklara gözegçilik edýän NeMolchiKZ toparynyň ýolbaşçysy, 55 ýaşly Smailowany tussag etmek barada höküm çykardy.

Şol pursat, gazak resmileri Smailowanyň maliýe galplygynda, şahsy durmuş baradaky kanunlary bozmakda we ýalan maglumat ýaýratmakda aýyplanýandygyny aýdypdylar.

Smailowa öz toparyny Gürjüstanda hasaba aldyrdy. Smailowa bu ýurtda birnäçe wagt ýaşady, emma geçen ýyl Tbilisi, onuň daşary ýurda eden saparyndan soň, ýurda girmegine gadagançylyk girizeninden soň, ol Ýewropa Bileleşigine agza bir ýurda aşdy. Häzir aýdyňlaşdyrylmaýan bu ýurtda onuň gaçybatalga baradaky arzasyna garalýar.

Human Rights Watch guramasy 5-nji fewralda ýaýradan beýanatynda Smailowanyň işi bilen bagly islendik derňewiň kadaly we onuň hak-hukuklary nukdaýnazaryndan geçirilmelidigini belledi.

XS
SM
MD
LG