Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hudožnik we syýasy tussag Ales Puşkin türmede ýogaldy


 Ales Puşkin
 Ales Puşkin

Belarusly hudožnik we syýasy tussag Ales Puşkin 11-nji iýulda, aýalynyň aýtmagyna görä, näbelli ýagdaýlarda hassahanada bejergi alýan wagtynda aradan çykdy.

57 ýaşly hudožnik “döwlet nyşanlaryny masgaralamak” we “sosial duşmançylyga ýa-da dawa-jenjele meçew bermek” aýyplamalarynda aýyplanyp, 5 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Ol 1999-njy ýylda, “Prezident üçin ders” diýip atlandyran iň meşhur işinde Minskde, prezident binasynyň öňüne bir araba ders getirip dökdi.

Oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Puşkiniň ölümine reaksiýa bildirip, “adamlar türmelerde ölmeli däl” diýdi we Puşkiniň işlerine “Belarus halkynyň örboýuna galan ruhunyň synmaz beýany” hökmünde ýokary baha berdi.

XS
SM
MD
LG