Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary Eýranda ýaş zenanyň jezalandyrylyp öldürilmegini ýazgardy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar we beýlekiler Eýranda entek çaga wagty durmuşa çykmaga mejbur edilen bir zenanyň öz adamsyny öldürmekde günäli tapylyp, jezalandyrylyp öldürilmegini ýazgardylar.

Hukuk goraýjylaryň maglumatyna görä, iki çaganyň ejesi Samira Sabzian 20-nji dekabrda Tähranyň etegindäki Ghezel Hesar türmesinde dardan asylypdyr. Eýranyň döwlet mediasy bu barada habar bermedi.

Ol türmede on ýyl çemesi saklandy.

Samira Sabziany aklamak boýunça alnyp barlan halkara kampaniýa garamazdan, Eýran onuň ölüm hökümini ýerine ýetirdi.

Amnesty International topary halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, “Eýranyň resmilerine adamlaryň jezalandyrylyp öldürilmegine resmi gadagançylygy girizmek boýunça gyssagly çagyryş etmegi” sorady. Topar diňe noýabryň özünde Eýranda 115 adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini belledi.

XS
SM
MD
LG