Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary gyrgyz protestçileriniň boşadylmagyny talap edýär


Gyrgyz protestçileri. 28-nji dekabr, 2023-nji ýyl.
Gyrgyz protestçileri. 28-nji dekabr, 2023-nji ýyl.

Halkara hukuk toparlarynyň birnäçesi 12-nji iýunda Özbegistan bilen baglaşylan serhet ylalaşygyna protest bildirendigi üçin 20 ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolan gyrgyz aktiwistleriniň derhal boşadylmagyny talap etdi.

Gyrgyz prokurorlary 10-njy iýunda Bişkekdäki kazyýetden Gyrgyzystanyň Kempir-Abad suw howdanyny Özbegistana bermegi baradaky ylalaşyga protest bildiren toparyň 27 agzasyna uzyn möhletli türme tussaglygy höküminiň çykarylmagyny sorady.

Gyrgyz toparynyň 27 agzasy 2022-nji ýylda tussag edildi we köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramakda we häkimiýeti ele geçirmek barada dil düwüşmekde aýyplandy.

2023-nji ýylyň iýun aýynda başlanan kazyýet işiniň 13-nji iýunda tamamlanmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG