Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary gyrgyz resmilerini garaşsyz media basyşy bes etmäge çagyrýar


Bişkekda 2022-nji ýylyň noýabrynda erkin sözi we metbugat azatlygyny goldap geçirilen ýöriş.
Bişkekda 2022-nji ýylyň noýabrynda erkin sözi we metbugat azatlygyny goldap geçirilen ýöriş.

Adam hukuklaryny goramak boýunça sekiz sany halkara gurama Gyrgyzystanyň hökümetini garaşsyz habar serişdelerine basyş etmegini bes etmäge çagyrdy.

Soňky günlerde Gyrgyzystanda 11 sany garaşsyz žurnalist saklandy. Hukuk toparlary muny žurnalistleri “gorkuzyp we haýbat atyp”, olary öz borçlaryny berjaý etdirmezlige gönükdirilendigini aýtdy.

16-njy ýanwarda Raýat hukuklaryny goraýjylar, Human Rights Watch, Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlyk, Norwegiýanyň Helsinki Komiteti, Zerurlykdaky adamlar, Adam hukuklary boýunça Helsinki fondy, Adam hukuklary boýunça Halkara Federasiýasy, şeýle-de Gynamalara garşy Bütindünýä guramasy gyrgyz resmilerini metbugat azatlygyny sylamaga we repressiw çärelerini bes etmäge çagyrdylar.

Gyrgyzystanda, beýleki Merkezi Aziýa döwletlerine garanyňda, raýat azatlyklary we metbugat erkinligi has ösen hasaplanýardy. Emma hökümetiň barha artýan basyşlary sebäpli, ýagdaýlar üýtgäp başlady.

XS
SM
MD
LG