Eýranda režimiň tankytçysy hasaplanylýan adamlaryň gorkuzylmagynyň we olardan öç alynmagynyň güýçlenmeginiň arasynda, syýasy äheňli aýyplamalar esasynda jezalandyrylyp öldürilýän adamlaryň sany hem soňky wagtlar kesgin ýokarlandy diýip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän hukuk guramasy 2-nji awgustda aýtdy.
Eýranyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Adam hukuklary merkeziniň çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, soňky 10 aýyň dowamynda azyndan 17 eýranly, köpüsi ýaş adam asylyp öldürildi.
"Jezalandyrylyp öldürilýänleriň sany Eýranda 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda 22 ýaşly Mahsa Jina Amininiň döwlet gözegçiliginde ölmegi bilen başlanan protestlerden soň ýokarlandy" diýip, Eýranyň Adam hukuklary merkezi aýtdy.