Şu hepde Taldykorganda "etniki ýigrenji öjükdirmekde" aýyplanýan 19 adama garşy höküm çykarylmagyna garaşylýar.
Olar Sinjiaňda tussaglykda saklanýan ildeşleriniň boşadylmagyny talap edip, bu ýurduň lideri Si Szinpiniň portreti bilen birlikde Hytaýyň kiçiräk üç sany baýdagyny otlap geçiren protestlerinden soň aýyplandylar. Jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlar we olaryň gurnan protesti barada nämeler mälim?
Çunja syýahat
Resmi hasaba alynmadyk "Atažurt" guramasynyň agzalary 2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Almaty welaýatynyň Çunja obasyna bardylar. Olary bu ýerde myhman bolmaga Hytaýda "gaýtadan terbiýelenýänleriň lagerinde" bolan etniki gazak Nurlan Koktebaýulyny çagyrdy. Koktebauly özüniň Hytaýdaky ýapyk edaradan "Atažurt" aktiwistleriniň kömegi bilen çykyp bilendigini aýdýar. Bu gurama Sinjaňdaky ýerli halklara, şol sanda gazaklara edilýän zulum barada 2017-nji ýyldan bäri maglumat berýär we edilýän zulum-sütemleriň delillerini, subutnamalaryny toplaýar.
Bu goldaw üçin minnetdarlyk bildirip, Koktebaýuly “Atajurt” agzalaryny gyzgyn çeşmelerde suwa düşmek we şäher aladalaryny unutmak üçin dynç alyş zolagynda dem almaga çagyrdy. Çunja şäherine takmynan 40 adam, şol sanda “Atajurt” bilen gönüden-göni baglanyşygy bolmadyk adamlar hem geldi.
Gelenleriň arasynda Güldariýa Şerizat hem bardy. Onuň adamsy Alimnur Turganbaý 2025-nji ýylyň tomsunda, serhedi bozup geçenden soň, Hytaý häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi.
Taryhy watanyna 10 ýyl mundan ozal göçüp gelen gazak repatrianty Sinjaňa işlemek üçin gidipdi. Ýöne ol bu ýerde türme tussaglygyna höküm edildi. Maşgalasy oňa näme bolandygyny anyklamak üçin Astana ýüz tutdy. Daşary işler ministrligi şondan soň bu maşgalanyň agzalaryna, hytaý häkimiýetlerine salgylanyp, Turganbaýyň Hytaý raýatlygyndan resmi taýdan ýüz öwürmändigini we Hytaýyň kanunlary boýunça jenaýat jogapkarçiligine çekilýändigini habar berdi.
13-nji noýabrda, haçanda myhmanlar dynç alyp, yzlaryna dolanmakçy bolanlarynda, Guldariýa Hytaý serhediniň golaýynda öz adamsynyň ykbaly barada alada bildirip, bilelikde wideoýazgy taýýarlamagy teklip etdi. Netijede, bu topar birnäçe awtoulaga münüp, Çunjadan 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kalžat diýen ýere bardy.
Bu ýere gelenleriň arasynda “Atajurta” dahylsyz adamlar hem bardy; olar Turganbaýyň boşadylmagyny talap edýänleriň protestini çetden, gyrada durup synladylar. Protest wagtynda üç sany Hytaý baýdagy we Hytaý lideri Si Szinpiniň portreti otlandy.
Polisiýa şol günüň özünde 19 adamy tussag etdi. Parahatçylykly ýygnanyşyk geçirmegiň düzgünlerini bozanlygy üçin on iki adam administratiw tussaglyga höküm edildi, ýedi adama bolsa jerime salyndy.
Biraz soň olara garşy "etniki duşmançylygy öjükdirmek" aýyplamasy esasynda täze jenaýat işi gozgaldy. 19 adamyň ählisi jenaýat etmekde güman edilýän adamlar boldy.
Ýanwar aýynda olaryň kazyýet diňlenişigi başlandy we häzir kazyýet işiniň basym tamamlanmagyna garaşylýar.
Aýyplanýanlary takmynan üç topara bölmek bolýar: birinjisi “Atajurt” agzalary, ikinjisi guramanyň tarapdarlary, üçünjisi bolsa protestiň şaýatlary.
Aktiwistler topary
Bekzat Maksuthan, 50 ýaşynda, "Atažurt" guramasynyň lideri. Ol birnäçe ýylyň dowamynda metbugat konferensiýalaryny gurnap, olarda adamlaryň Hytaýdaky garyndaşlary bilen aragatnaşygyny ýitirendigini, olaryň "gaýtadan terbiýelemek lagerlerine" we türmelere iberilýändigini habar berdi.
Çykyş edenler bu meselelere Astananyň we halkara guramalarynyň ünsüni çekmäge synandylar. Maksuthan “Atajurt” partiýasyny syýasy partiýa hökmünde hasaba aldyrmak üçin birnäçe gezek synanyşyk etdi, ýöne onuň synanyşyklary başa barmady.
Bildirilen aýyplamada onuň "etniki ýigrenji öjükdirmek we hytaý milletiniň wekilleriniň abraýyny we mertebesini kemsitmek" maksady bilen, aragatnaşyk serişdelerini ulanyp, "bilkastdan hereket" edendigi aýdylýar.
44 ýaşly Nazigül Maksuhan, Bekzat Maksuhanyň gyz dogany we “Atajurtyň” aklawçysy. Ol Sinjiýandan gelen gazaklara hukuk kömegini berdi. Şeýle-de, ol Astanadan bu işe gatyşmagy we garyndaşlaryny Hytaýdaky tussaglykdan boşatmagy haýyş edýän repatriantlaryň çagyryşlaryna goşuldy.
Ol gazak polisiýasynyň aktiwistleri gazak häkimiýetlerine nota iberen Pekiniň talaby esasynda yzarlaýandygyny öňe sürdi. Notada 13-nji noýabrdaky protest "HKP-niň milli mertebesine garşy açyk prowokasiýa we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň we Hytaý lideriniň abraýyna şek ýetirmek" diýlip atlandyryldy. Hytaý diplomatlary Astanany "[wakany] çynlakaý derňemek üçin çäre görmäge" çagyrdylar.
48 ýaşly Güldariýa Şerizat serhetden geçenden soň Sinjiýanda tussag edilen Alimnur Turganbaýyň aýaly. Ol Hytaýa ýük awtoulagyny sürüp baryp, oňa haryt ýükläp, yzyna gaýdyp gelmegi meýilleşdirýärdi, ýöne iň soňunda türmä basylyp galdy. Güldariýa adamsynyň yzyna gaýdyp gelmegine kömek etmeklerini sorap, Gazagystanyň häkimiýetlerine alty aýlap ýalbardy.
Astananyň Hytaýyň maglumatyna salgylanyp aýtmagyna görä, Turganbaý Hytaý raýatlygyndan ýüz öwürmändigi üçin Hytaý raýaty hökmünde tussaglykda saklanýar. Güldariýa Şerizat adamsynyň boşadylmagyny talap edip protest geçirdi, ýöne oňa administratiw aýyplamalar bildirildi we ýüzlerçe müň teňňe jerime salyndy.
53 ýaşly Tursynbek Kabi Sinjianda bolan döwründe "gaýtadan terbiýelemek lagerinde" gynamalara sezewar edilendigini öňe sürdi. "Meni bir adamyň zordan ýerleşýän kapasasyna saldylar. Men şol kapasada ýedi gije-gündiz dyza çöküp oturdym" diýip, ol aýtdy. Tursynbek Kabi halkara guramalarynyň bu meselä gagtyşmagyna we Sinjiaňyň ýerli halklaryna garşy ulanylýan repressiýalaryň bes edilmegine çagyrdy.
Gülnar Şaýmurat, 46 ýaşynda. Sinjianda doglan, 2001-nji ýylda Gazagystana göçüp geldi. Ol bäş çaganyň ejesi. Uly gyzy mekdebi tamamlaýar, kiçisi bolsa dört ýaşynda. Ol 2020-nji ýyldan bäri “Atajurt” partiýasyny goldaýar. Häzirki wagtda ol öý tussaglygynda galýar.
Erkinbek Nurakyn, 55 ýaşynda, Hytaýda doglan we Gazagystanyň raýaty. Ol halk lukmançylygy, tebipçilik bilen meşgullanýar. Ol “Atajurda” üç ýyl mundan ozal goşuldy. Onuň ýegeni Sinjianda tussaglykda saklanýar. Nurakyn öz garyndaşynyň boşadylmagyny üpjün etmek üçin kömek sorap, gazak häkimiýetlerine birnäçe gezek hat iberdi.
Erbol Nurlybaýew, 52 ýaşynda, Jambul welaýatynyň ýaşaýjysy. Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky wizasyz režime we Pekiniň syýasatyna garşy çykyş edýän aktiwist.
Bu adamlar baradaky maglumatlar “Atajurt” agzalary bilen söhbetdeşliklerden we derňew hasabatlaryndan alyndy.
“Atajurt” guramasynyň tarapdarlary
Bu işde “Atajurt” guramasy bilen gönüden-göni baglanyşykly bolmadyk, ýöne ony goldaýan şahslar hem aýyplanýar.
Nurkeldi Nursapa, 35 ýaşynda. Hytaýda doglan. Ol 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Kalžatdaky protesti öz smartfonynda wideoýazgy etdi. Ol iki ogluň kakasy we “Atajurt” guramasynyň tarapdary.
Ýergali Nurlybaýew, 55 ýaşynda. “Atajurt” agzasy däl, ýöne goldawçysy. Ol toparyň agzasy Ýerbol Nurlybaýewiň dogany.
Margulan Nurdangazy, 30 ýaşynda. Hytaýda doglan, Ýewropada ýaşady we protestden alty hepde öň Türkiýeden geldi. Iki ýaşly ogly bilen ýeke galan aýal adamsynyň boşadylmagyny talap edýär. Margulan YouTube kanalyny dolandyrdy we Hytaýyň syýasatyny tankytlaýan wideo habarlary çap etdi. Protest mahalynda ol öz talabyny hytaý dilinde aýtdy.
Kanat Turdybaý, 44 ýaşynda. “Atajurt” protestlerinde oňa goldaw bildirdi. Işsiz. Iki gyzyň kakasy.
Kuandyk Kosžanow, 39 ýaşynda. Türküstan welaýatynyň Arys etrabynyň ýaşaýjysy. “Atajurt” tarapdary, ýöne onuň işine işjeň gatnaşmady. Çunja şäherine myhman hökmünde geldi.
Bakytjan Şugyl, 64 ýaşynda. Pensioner. “Atajurt” tarapdary. Ol 1986-njy ýylyň dekabryndaky wakalara gatnaşandygyny aýdýar. Ol protest wagtynda Hytaýyň baýdagyna çakmak degrendigini boýun aldy. Ol muny jenaýat hasaplamaýar we öz pikirini aýdandygyny aýdýar. Ol öý tussaglygynda.
Asylhan Kolkhaýew, 52 ýaşynda. Jambul welaýatynyň ýaşaýjysy. Ol proteste ilkinji gezek gatnaşdy. Ol üç çaganyň kakasy. Häzirki wagtda öý tussaglygynda.
28 ýaşly Aýan Kalymbek, Gündogar Gazagystanyň ýaşaýjysy we “Atajurt” tarapdary. Ol açyk kazyýet diňlenişiginiň öz abraýyna zyýan ýetirjekdigini aýdyp, diňlenişigiň ýapyk geçirilmegini haýyş eden ýeke-täk aýyplanýan boldy. Kazy arzany kanagatlandyrdy we diňlenişikler jemgyýetçiligiň ýa-da metbugatyň gatnaşmagy bolmazdan geçirilýär. Beýleki aýyplanýanlar we olaryň garyndaşlary mu garşy boldular. Aýan Kalymbek aýdyjy şahyr. Onuň “Atajurta” bagyşlap, goşgy ýazandygy habar berildi. Ol öý tussaglygynda saklanýar.
Forum