Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi Pekiniň “Gazagystanyň öz garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bütewiligini goramak boýunça tagallalaryny berk görnüşde goldamaga” taýýardygyny ýene bir gezek ynandyrdy.
Hytaý baş diplomaty bu barada 20-nji maýda, Astanada Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi.
Mundan başga-da, Wang soňky ýyllaryň dowamynda Hytaýyň lideri Si Jinpingiň hem özüniň demirgazyk-gündogaryndaky goňşusyny goldap, meňzeş mazmunly eden çykyşlaryny ýatlatdy.
“Hytaý [Gazagystanyň] prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ösüş üçin kesgitlän strategiýalarynyň toplumlaryny we möhüm başlangyçlaryny goldar, şeýle-de ýurduň içerki işlerine goşulmaga synanyşýan islendik daşarky güýje berk garşy durar” diýip, Wang aýtdy.