Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki adam Ýerewanyň polisiýa bölümine hüjüm etmekçi bolanda, şikeslendi


Hüjümçileriň matlaplary bada-bat belli bolmady.
Hüjümçileriň matlaplary bada-bat belli bolmady.

24-nji martda Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda iki adam polisiýa bölümine hüjüm etmek synanyşygynda, öz zyňan granatlaryna uçrap, şikeslendiler. Bu barada Kawkaz döwletiniň Içeri işler ministrligi mälim etdi.

Beýanata görä, üç adamdan ybarat topar, ýerli wagt bilen sagat 17:00 töwerekleri, paýtagtyň Nor Nork polisiýa bölüminiň binasyna hüjüm etmäge synanyşypdyrlar.

Hüjümçiler bina girmekçi bolup, ilki bilen onuň içine el granatyny zyňypdyrlar. Partlamada 52 ýaşly we 56 ýaşly erkek kişileriň ýaralanandygy aýdylýar. Olar soňy bilen aýaklaryna düşen şikes sebäpli, keselhana äkidildi.

Ministrlik eli granatly üçünji bir adamyň binanyň daşynda durup, ony ýarmak bilen haýbat atandygyny aýtdy. Onuň boýun bolmagy boýunça, ilki bada gepleşikler hem geçirildi.

Soňundan Milli Howpsuzlyk Gullugynyň ýörite güýçleriniň ol adamy saklandygy barada maglumat berildi.

Hüjümçileriň matlaplary bada-bat belli bolmady.

XS
SM
MD
LG