Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki hepde görünmedik Rahmon duşuşyk geçirip, Si Szinpine wideo gutlag iberdi

Emomali Rahmon
Emomali Rahmon

Täjigistanyň prezidentiniň metbugat gullugy iki hepdeläp jemgyýetçilikde görünmedik Emomali Rahmonyň 14-nji fewralda Aziýa infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIIB) baş direktory Zou Jiaýi bilen duşuşandygyny aýdyp, bu waka degişli suratlary we wideolary çap etdi.

Resmi habara görä, taraplar Rogun gidroelektrik stansiýasy taslamasynyň gurluşygy we Täjigistanda Nurek gidroelektrik stansiýasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly taslamalary ara alyp maslahatlaşdy.

Gepleşikleriň maksadynyň "uzak möhletli maliýeleşdirmegi" üpjün etmek bolandygy aýdyldy.

Şeýle-de, täjik lideriniň metbugat gullugy 15-nji fewralda Rahmonyň Hytaýyň başlygy Si Szinpine gutlag wideosyny çap etdi.

Üç minutlyk ýüzlenme prezidentiň resmi web sahypasynda, Telegram kanalynda we Facebook sahypasynda ýerleşdirildi. Emomali Rahmon Si Szinpini Hytaý Täze ýyly bilen gutlady.

Rahmonyň iki hepde töweregi jemgyýetçilikde we döwlet telewideniýesinde görünmezligi dürli çaklamalary döretdi.

74 ýaşly Emomali Rahmonyň saglygy barada mundan öň hem myş-myşlar ýaýrapdy. Olar, adatça, giň jemgyýetçiligiň ünsüni çekip, dürli çaklamalara sebäp bolýar.

XS
SM
MD
LG