Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilçi Jon Koul ABŞ Belarus meselesinde ‘dogry ýolda’ diýýär

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Belarus boýunça ýörite wekili Jon Koul (John Coale)
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Belarus boýunça ýörite wekili Jon Koul (John Coale)

ABŞ-nyň ýörite wekili Jon Koulyň gatnaşmagynda soňky 22 aýda, şu hepde azatlyga çykan 25 adam bilen, Belarusda ýüzlerçe bendi tussaglykdan boşadyldy.

Emma hukuk toparlary bendilikde ýene ýüzlerçe adamyň boşadylman galdyrylandygyny aýdyp, awtoritar lider Aleksandr Lukaşenkonyň 2020-nji ýyldaky saýlawlarda gazanandygy aýdylan ýeňşinden soň, oppozisiýa we köp Günbatar ýurtlary tarapyndan "galplaşdyrylan" diýlip atlandyrylan saýlawlar sebäpli girizilen Günbatar sanksiýalarynyň ýeňilleşdirilmegine derek, Waşingtonyň nädogry tussag edilen diýip bilinýän raýatlary boşatmagy bilen bagly çemeleşmesini sorag astyna aldylar.

Koul 17-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyndan Artýom Radygin bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň ýanwarynda Ak Tama gaýdyp geleli bäri Waşington bilen Minskiň arasyndaky gatnaşyklarda dörän maýylganlyk we diplomatik gatnaşyklarda alnan ugurlar barada söhbetdeş boldy.

(Söhbetdeşlik göwrümini gysgaltmak we düşnükliligini ýokarlandyrmak maksady bilen redaktirlendi.)

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Mart aýynda syýasy tussag bolan 250 adam boşadylypdy, ýöne geçen hepde bary-ýogy 25 adam boşadyldy. 25 adamyň tussaglykdan boşadylmagy gowy habar, emma şonda-da, nämeleriň bolup geçendigi örän gyzykly. Eýsem, boşadylan tussaglaryň sany näme üçin azaldy?

Jon Koul: Umuman aýdylanda, boşadylan tussaglaryň sany 800 bilen 900-iň aralygynda bolup, käwagt 150, käwagt bolsa 14 adam boşadylýardy. Şonuň üçin häzirki wagtda haýsy maglumaty berip bilsem, şony-da berýärin. Häzir dowam edýän gepleşiklerimiň netijesinde, ýakyn geljekde ýene-de 100-den gowrak adamy boşadyp bileris öýdýärin we muny... belki-de, bir aýyň dowamynda amala aşyrarys.

AÝ/AR: Munuň hakykata öwrülmegi üçin nähili meseleler çözülmeli?

Koul: Aslynda, meselem, adamlary çykarmak üçin biz öň käbir sanksiýalary ýatyrypdyk; bize ABŞ-daky banklaryň we biznesleriň sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň nämäni aňladýandygyna, aslynda bu ugurda işlemäge rugsat edilýändigine doly düşünýändiklerine göz ýetirmek gerekdi

Şonuň üçin biz yza dolanyp, şol meseleleriň käbirini düzgünleşdirmeli bolýarys. Biz ABŞ kärhanalarynyň, banklarynyň we beýleki taraplaryň munuň nämeleri aňladýandygyna düşünmändiklerinden habarsyzdyk. Şeýlelikde, biz bu ýerdäki kemçilikleri düzetmeli, soňra biz ýene bolsa yza dolanarys.

AÝ/AR: [Daşary ýurtda ýaşaýan belarus oppozisiýa lideri] Swýatlana Tihanowskaýa Aleksandr Lukaşenkonyň sanksiýalary ýatyrtmak üçin tussaglary satýandygyny öňe sürýär. şeýlelikde, bu geleşikler we sanksiýalaryň ýatyrylmagy Lukaşenkony täze syýasy tussaglary ele salmaga, ýagny, geleşik üçin elinde bir zat bolmagyny gazanmak maksadyna eýermäge hyjuwlandyrýarmy?

Koul: Anyk bir zat aýdyp biljek däl... Gürrüňdeş bolýan adamlarymyň hemmesi häzir tussag edilenleriň sany barada dürli-dürli maglumatlary aýdýar.

Şu sebäpden men hakyky sanyň näçedigini bilemok. Ýöne eger Lukaşenko tussaglary sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmegine derek boşadyp, olary azatlyga çykarýan bolsa, bu meniň üçin gowy zat; sebäbi azatlyga çykan tussaglaryň gözlerine seredip, men olar üçin azatlygyň nämeleri aňladýandygyny hut öz gözlerim bilen görýän adam. Meniň üçin bu daşardaky käbir adamlaryň bolup biljek syýasy meselelerinden has wajyp.

Meniň meseläm we ABŞ-nyň meselesi ynsanperwer häsiýetde bolup, bu adamlara kömek etmäge gönükdirilen. Eger men 25 adamy çykaryp bilsem, bu gaty gowy; 200 adamy çykaryp bilsem, bu hem gaty gowy. Biz meselelere şeýle garaýarys. Bilşiňiz ýaly, Swýatlananyň öz garaýşy, meniň bolsa öz garaýşym bolup biler. Meniň pikirimçe, ABŞ haçan-da bolsa bir wagt Belarus bilen has giň ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak isleýär. Şeýle-de, Günbatar munuň adaty ýagdaýa öwrülmegini isleýär diýip pikir edýärin.

AÝ/AR: Aleksandr Lukaşenkonyň nukdaý nazaryndan seredilende, ol boşadylan adamlaryň syýasy tussagdygyny inkär edýär. Siz oňa nähili jogap berdiňiz?

Koul: Eger ol meniň şeýle etmegimi islese, men olary tussag atlandyraryn, eger ol meniň olary çykarmagymy islese, men olary towşan diýip atlandyraryn, munuň maňa parhy ýok. Şeýlelik bilen, eger-de ol olaryň syýasy tussag däldigine ynanýan bolsa, goý, ynansyn. Men diňe adamlary bilýärin. Şeýlelikde, onuň semantikasy meniň üçin hakykatdanam möhüm däl. Beýleki adamlar üçin möhüm bolup biler, ýöne meniň üçin olar beýle däl.

AÝ/AR: Belarusa amala aşyrýan saparlaryňyzda syýasy tussaglary boşatmakdan başga, ýene-de haýsydyr bir maksatlaryňyz barmy?

Koul: Hawa, dogry. Elbetde, bu ýerde tussaglar meselesi bar, ýöne şol bir wagtda Belarus hökümetiniň goňşulary babatynda eden hereketleriniň oňa garanda has gowy bolmagy baradaky mesele hem bar; şol ýagdaýda biz olary yzyna getirip, halkara jemgyýetçiligine gaýtadan goşup bileris. Olar hem muňa razy. Soňky bir ýarym ýylyň dowamynda biz ädimme-ädim öňe barýarys we, meniň pikirimçe, ösüş gazanýarys. Emma, elbetde, Lukaşenko ýurduny dolandyrmaly we onuň [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putin ýaly ýarany bar, şu sebäpden bu ýagdaý çylşyrymly.

Ýöne, meniň pikirimçe, eger Belarus dünýäniň beýleki ýurtlary bilen oňyn gatnaşyk saklasa, dünýä has gowy ýer bolardy. Onsoň, meniň pikirimçe, olar munuň üçin tagalla edýärler.

AÝ/AR: Belarusyň dünýä ýurtlarynyň maşgalasyna gaýtadan, üstünlikli goşulyp biljekdigine size ynam berýän zat näme?

Koul: Olar synanyşýarlar we bu ugurdaky işler ilerleýär. Men doly ynamly däl, ýöne biz hem öňe süýşýäris, olar hem öňegidişlik edýär. Şeýlelikde, biz dogry ugurdan barýarys diýip pikir edýärin. Men bu zatlaryň ählisiniň çalt, bir gije-gündiziň içinde bolup geçjekdigine ynanmaýaryn. Bu hakyky bir proses. Onuň iň uly ýarany Russiýa, ýöne Belarus Russiýanyň az sanly ýaranlarynyň biri. Şu sebäpden bu meseläni olar çözmeli, men däl.

[…]

Meniň pikirimçe, Birleşen Ştatlar günleriň bir güni Belarus bilen has köp ykdysady gatnaşyk gurmak isleýär. Meniň pikirimçe, Günbatar munuň adaty ýagdaý bolmagyny isleýär. Häzir bu beýle däl. Bu ösmeli, indi bolmaly bir zat.

AÝ/AR: Şeýlelikde, ABŞ-nyň we Belarusyň geljekki gatnaşyklaryny institusional derejä geçirmek mümkinmi, ýa-da bu diňe güýçleriň özara deňagramlylygyna esaslanarmy?

Koul: Ýok, men muny institutlaşdyryp bileris diýip pikir edýärin. Men biz bu ýerdäki ilçihanamyzy täzeden açmaly diýip pikir edýärin. [Redaktoryň belligi: Birleşen Ştatlar 2022-nji ýylyň fewral aýynda, Orsýet Ukraina çozanyndan gysga wagt soň, käbir hüjümleriň Belarus territoriýasyndan edilmegi bilen, Minskdäki ilçihanasynyň işini togtatdy.] Bu ýerde ädilmeli köp ädim bar. Ýöne meniň göz ýetiren zadym, bu ýuwaş-ýuwaşdan bolýan zat. Bu örän çylşyrymly dünýä. Bu ýuwaş-ýuwaşdan bolýan zat. Ýöne, meniňçe, ol dogry ugurdan barýar, bu ýalňyş ugur alanyňdan has gowy.

AÝ/AR: Siz biraz öň Russiýa geçmeziňizden ozal Belarus meselesini çözmek isleýändigiňizi ýaňzytdyňyz. Eýsem, Kreml bilen nähili işleşmekçi bolýarsyňyz?

Koul: Aslynda, men bularyň ikisini-de edip bilerin. Men Belarus boýunça alyp barýan işimi dowam etdirip bilerin. Şeýle-de, raýat tussaglarynyň çalşygyny amala aşyrmak üçin men degişli adamlar bilen gepleşik geçirdim; bu işe [ABŞ-nyň ýörite wekili] Stiw Witkoffyň we [ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili] Jarediň [Kuşner] hem gatnaşmagy gerek bolar. Şunlukda, men olar bilen gepleşdim we biziň alyp barýan işimizde öňegidişlik bar.

AÝ/AR: Häzir Russiýada bolan amerikan raýatlary meselesinde haýsydyr bir öňegidişlik gazandyňyzmy?

Koal: Amerikan raýatlary barada aýdylanda - hawa, ýöne men şeýle-de käbir ruslaryň we ukrainalylaryň öz ýurtlaryna gaýtarylmagyny isleýärin.

AÝ/AR: Aleksandr Lukaşenko öz interwýularynda Donald Trampa we beýleki liderlere Kreml bilen arada araçy bolmagy teklip edendigini aýtdy. Donald Tramp Lukaşenka mümkin bolan araçy hökmünde seredýärmi?

Koul: Meniň pikirimçe, bu mümkin, hawa; sebäbi Putin bilen Lukaşenkonyň arasynda 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän gatnaşyk bar. Olar dost. Biri uly dogan, beýlekisi bolsa kiçi dogan ýaly, ýöne olar dost we özara gürleşýärler. Olar hemişe aragatnaşykda bolýarlar. Şeýle-de, Lukaşenko Moskwada ýygy-ýygydan bolýar. Şu sebäpden bu peýdaly bolardy. Ol uruş meselesinde, taraplaryň arasyndaky araçy hökmünde, peýdaly rol oýnap bilerdi.

AÝ/AR: Ýöne häzir, tussaglaryň çalşylmagy baradaky habarlara syn edeniňde, hemişe sanksiýalaryň ýatyrylmagy barada hem bir zatlar aýdylýar. Tussaglar boşadylmazdan ozal, haýsy sanksiýalaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny kim kesgitleýär?

Koul: Bu işi Belarusda men edýärin we soň döwlet sekretary ýa-da göni prezidentiň özi bilen gürleşýärin, şeýdip belli bir prosesi geçýäris. Men, ýagny Jon Koul, şeýle-şeýle zatlar boýunça sanksiýalar aýrylmaly diýip pikir edýär diýýärin. Netijede, bu teklipler ýa tassyklanýar, ýa-da sen muny edip bilmersiň, ýöne beýlekisini edip bilersiň diýen ýaly jogap alynýar.

AÝ/AR: Siz üstünligi näme bilen ölçeýärsiňiz?

Koul: Adamlary türmeden alyp çykmak bilen. Olary çykarmak we maşgalalaryna gaýtadan gowşandyklaryny görmek bilen. Olar türmeden çykanda, käte olaryň maşgalalaryna eýýäm habar berlen bolýar ýa-da dürli ýurtlaryň ilçileri olary garşylamaga gelýär; biz olara, maşgalalaryna jaň etmekleri üçin, telefon berýäris; maşgalalary bolsa olaryň azatlyga çykandygyndan habarsyz bolýarlar – bu örän şatlykly pursat. Ine, meniň üstünlik ölçemäm şeýle bolup geçýär.

AÝ/AR: Men Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda raýat tussaglarynyň çalşylmagy meselesine gaýdyp gelmek isleýärin. Bu prosesiň häzirki ýagdaýy we geljegi nähili?

Koul: Meniň pikirimçe, bu iş başlanýar; bu pikir eýýäm gün tertibinde durýar diýip aýdyp bilerin. Haçanda men yzyma, Waşingtona dolananyp baranymdan soň, bu meseläni has-da ileri tutaryn, sebäbi men bu möhüm zat diýip hasaplaýaryn.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

XS
SM
MD
LG