Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilhama rugsat edilen zatlar başgalara rugsat dälmi? Merkezi Aziýanyň liderleriniň Ukraina baradaky seresaply pozisiýasy nämä esaslanýar?

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew ýene-de aç-açan beýanat bilen Ukrainanyň basyp alnan ýerleriniň ýitirilmegine hiç haçan razy bolmaly däldigini aýtdy. Baku üçin bu Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy baradaky resmi syýasatyň bir bölegi bolup durýar. Şeýle-de bolsa, Merkezi Aziýanyň liderleriniň örän seresaply çykyşlarynyň fonunda Aliýewiň sözleri aýratyn tapawutlanýar. Näme üçin Azerbaýjanyň prezidenti uruş barada şeýle göni pikirleri beýan edip bilýärkä, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň döwlet baştutanlary beýle edip bilmeýärler?

"Basyp alyşa hiç haçan razy bolmaly däl!"

2026-njy ýylyň 13-nji iýulynda Şuşa şäherinde geçirilen media forumynda çykyş eden Azerbaýjanyň prezidenti geçen ýyl Kiýewe beren maslahatyny diýen ýaly gaýtalady: "Basyp alyşa hiç haçan razy bolmaň."

"Biz Ukrainanyň territorial bitewiligini hemişe goldadyk we mundan beýläk hem goldarys. Onuň döwlet özygtyýarlylygyny we serhetleriniň eldegrilmesizligini goldaýarys. Hiç bir döwletiň serhetleri güýç ulanyp ýa-da şol ýurduň halkynyň razylygy bolmazdan üýtgedilip bilinmez. Bu meselede biziň pozisiýamyz yzygiderli we berkdir. Ukrain halkyna bolsa elimizden gelen kömegi bermäge hemişe taýýar" diýip, Ilham Aliýew aýtdy.

Baku bu pozisiýasyny öz taryhy tejribesi bilen düşündirýär. Azerbaýjan tas 30 ýyl bäri Dagly-Garabagyň hem-de onuň töweregindäki etraplaryň üstünden gözegçiligini dikeltmek ugrunda göreş alyp bardy. Baku bu ýerleri basyp alnan territoriýalar hasaplaýardy. Azerbaýjan 2020-nji ýylyň güýzünde, Ermeni güýçleri bilen bolan 44 günlük uruşdan soň, bu ýerleri doly gaýtaryp aldy.

Aliýew forumda şeýle diýdi: "Ikinji Garabag urşy başlananda hemmeler derrew urşy bes etmegimizi talap etdiler. Gorkuzdylar, haýbat atdylar, jaň etdiler. Hemmeler biziň saklanmagymyzy, ýagdaýyň öňküligine galmagyny isledi. Maksat Azerbaýjanyň öz territoriýalaryny gaýtaryp almagyna ýol bermezlikdi. Emma bu maksat başa barmady. Sebäbi öz garaşsyzlygyna, öz milli şahsyýetini goramaga ymtylýan halkyň erkini döwüp bolmaz."

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew Şuşada geçirilen media forumynda
Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew Şuşada geçirilen media forumynda

Kremliň reaksiýasy uzak wagt garaşdyrmady. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Moskwanyň Azerbaýjanyň prezidentiniň Ukraina baradaky pozisiýasyny "ýalňyş hasaplaýandygyny we onuň bilen düýbünden ylalaşmaýandygyny" aýtdy.

Merkezi Aziýa seresaplylygy saýlady

Russiýanyň Ukraina garşy giň gerimli urşy başlanandan soň, Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri özleriniň bitarap pozisiýada durýandygyny mälim etdiler. Sebitdäki ýurtlaryň hiç biri-de 2014-nji ýylda Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegini ýa-da 2022-nji ýylda Ukrainanyň dört welaýatynyň basyp alnyp, Russiýa birikdirilendigini ykrar etmedi. Şeýle-de bolsa, döwlet baştutanlary uruşyň özi barada köpçüligiň öňünde pikir beýan etmekden tas düýbünden saklanýarlar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri. Çolpon-Ata, 2022-nji ýylyň 21-nji iýuly.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri. Çolpon-Ata, 2022-nji ýylyň 21-nji iýuly.

Bu ýagdaýda diňe Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2022-nji ýylyň tomsunda Sankt-Peterburg ykdysady forumynda eden çykyşyny aýratyn görkezmek bolar. Ol şol wagt Wladimir Putin bilen bir sahnada durup, Gazagystanyň özlerini "Donetsk halk respublikasy" (DHR) we "Luhansk halk respublikasy" (LHR) diýip atlandyrýan separatistik gurluşlary ykrar etmeýändigini aýtdy. Tokaýew olary "kwazi-döwlet emele gelişleri" diýip häsiýetlendirdi.

Ol şeýle diýdi: "Eger halklaryň öz ykbalyny kesgitlemek hukugy bütin dünýäde doly amala aşyrylsa, onda häzirki wagtda BMG-niň düzümindäki 193 döwletiň ýerine 500-600 döwlet emele gelerdi. Elbetde, bu bulaşyklyga getirerdi. Şol sebäpli biz ne Taýwany, ne Kosowany, ne Günorta Osetiýany, ne-de Abhaziýany ykrar edýäris. Edil şol prinsip, biziň pikirimizçe, Luhansk we Donetsk ýaly kwazi-döwlet gurluşlaryna hem degişlidir".

Wladimir Putin we Kasym-Žomart Tokaýew Sankt-Peterburg ykdysady forumynda. 2022-nji ýylyň 17-nji iýuly.
Wladimir Putin we Kasym-Žomart Tokaýew Sankt-Peterburg ykdysady forumynda. 2022-nji ýylyň 17-nji iýuly.

Şol döwürde Tokaýewiň bu sözleri ýylyň iň köp ara alnyp maslahatlaşylan syýasy wakalarynyň birine öwrüldi. Köp adamlar muny Gazagystanyň özbaşdak daşary syýasatynyň görkezmesi hökmünde kabul etdiler. Şeýle hem bu çykyş onuň 2019-njy ýylda Deutsche Welle neşirine beren interwýusynda 2014-nji ýylda Krymda bolan wakalary "anneksiýa" diýip hasaplamaýandygyny aýdandygyny belli bir derejede kölegeledi.

Şeýle-de bolsa, soňraky wagtlarda Astananyň resmi ritorikasy has-da seresaply boldy.

Garaşsyz PaperLab barlag merkeziniň direktory we sosiolog Serik Beýsembaýew şeýle pikir edýär: "Kasym-Žomart Tokaýew uruş barada mümkin boldugyça bitarap sözleri saýlaýar. Mysal üçin, geçen ýyl ol hatda Russiýanyň söweş meýdanynda ýeňilmezdigini aýdyp başlady. Bu sözler Gazagystanyň Russiýa belli bir derejede garaşlydygyny görkezýär. Biziň liderlerimiz Moskwany öjükdirmezlige we özlerini garşydaş hökmünde görkezmezlige synanyşýarlar".

Garaşlylyk ritorikany kesgitleýär

Serik Beýsembaýewiň pikiriçe, Azerbaýjan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ukrainadaky uruş baradaky pozisiýalarynyň tapawudy, ilkinji nobatda, olaryň Russiýa bolan garaşlylyk derejesi bilen düşündirilýär.

Bakunyň Moskwa bolan syýasy hem-de ykdysady garaşlylygy ep-esli az. Azerbaýjan ne Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG), ne-de Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) agzasy däl. KHŞG-nyň düzümine Russiýadan başga Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan girýär, Ermenistan bolsa agzalygyny wagtlaýyn togtatdy. ÝYB-nyň agzalary bolsa Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Russiýadyr. Azerbaýjanyň tebigy gazynyň esasy bölegi Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen eksport edilýär. Onuň iň möhüm daşary syýasat hyzmatdaşynyň biri hem Ankara bolup galýar. 2024-nji ýylyň ahyrynda Azerbaýjan bilen Russiýanyň gatnaşyklary has-da ýaramazlaşdy. Şol wagt ‘Azerbaijan Airlines’ kompaniýasynyň ýolagçy uçary Groznyý şäherine gonjak bolanda Russiýanyň howa goranyş ulgamy tarapyndan urlupdy.

Serik Beýsembaýew
Serik Beýsembaýew

Beýsembaýew şeýle düşündirýär: "Hemmäniň bilşi ýaly, Gazagystan öz nebitini Russiýanyň çäginden geçýän Kaspiý Turbageçiriji Konsorsiumy (KTK) arkaly eksport edýär. Bu bolsa ýurduň iň uly gowşak taraplarynyň biridir. Sebäbi Russiýa dürli sebäpler bilen birnäçe gezek nebitiň daşalmagyny wagtlaýyn togtatdy. Elbetde, munuň Gazagystanyň ykdysadyýetine göni täsiri boldy. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary syýasy taýdan hem has gowşak ýagdaýdadyr. Gazagystanyň Russiýa bilen iň uzyn gury ýer serhedi bar. Biz KHŞG-nyň çäginde Russiýa bilen gatnaşyklarda durýarys. Şol sebäpli hem biziň ýolbaşçylarymyzyň Ukraina urşy ýaly duýgur mesele boýunça näme aýdyp biljekdigine belli bir çäklendirmeler bar".

Analitikleriň pikirine görä, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň Russiýa bolan garaşlylygy has-da duýgur. Bu ýurtlar diýen ýaly Russiýadan gelýän ýangyç üpjünçiligine doly garaşly. Şeýle hem Russiýanyň zähmet bazary onlarça ýyllap Merkezi Aziýadan gelen ýüz müňlerçe zähmet migrantlarynyň esasy girdeji çeşmeleriniň biri bolup gelýär. Gyrgyzystanyň Azerbaýjandaky öňki ilçisi Kaýrat Osmonaliýewiň sözlerine görä, hut şonuň üçin hem prezidentleriň islendik ýiti beýanaty örän anyk netijelere getirip biler.

Kaýrat Osmonaliýew
Kaýrat Osmonaliýew

Ol şeýle diýýär: "Göz öňüne getiriň: bu ýurtlaryň biriniň prezidenti hem Aliýew ýaly çykyş etdi diýeliň. Onda näme bolar? Migrantlara garşy basyş başlar, olary deportasiýa edip başlarlar. Olar yzyna dolanarlar, nägilelik döreder. Kimdir biri: 'Bu öňdengörüjilikli syýasatçy däl ekeni, örän seresapsyz sözledi' diýer. Dürli düşündirişler peýda bolar. Netijede bolsa bu sosial-ykdysady krizise getirip biler. Şeýle krizisler bolsa köplenç häkimiýet çalşygynyň hereketlendirijisi bolýar. Şonuň üçin hem olar ähli töwekgelçilikleri hasaplap görýärler. Belki, Aliýew ýaly çykyş etmek isleýän hem bolsalar gerek, ýöne muny örän töwekgelçilikli hasaplaýarlar".

Prezidentleriň dymmagy

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan giň gerimli urşy dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Şol döwrüň dowamynda Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri Ukrainanyň basyp alnan territoriýalary ýa-da uruş üçin Russiýanyň jogapkärçiligi barada köpçüligiň öňünde bir gezek hem söz açmadylar.

Olaryň beýanatlary, adatça, diňe söweş hereketleriniň mümkin boldugyça tiz bes edilmelidigi we meseläniň syýasy-diplomatik ýol bilen çözülmelidigi baradaky çagyryşlar bilen çäklenýär. Uruşyň özi barada bolsa örän gysga we seresaply söz açýarlar. Mysal hökmünde Şawkat Mirziýoýewiň 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda geçirilen «Merkezi Aziýa – ABŞ» sammitindäki çykyşyny görkezmek bolar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri Waşingtonda geçirilen «ABŞ - Merkezi Aziýa» sammitinde. 2025-nji ýylyň 6-njy noýabry.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri Waşingtonda geçirilen «ABŞ - Merkezi Aziýa» sammitinde. 2025-nji ýylyň 6-njy noýabry.

Ol Donald Trampa ýüzlenip şeýle diýdi: "Özbegistanda: 'Prezident Tramp parahatçylygyň prezidentidir' diýip aýdýarlar. Siz örän köp zat etdiňiz - sekiz sany urşy duruzmagy başardyňyz. Men Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky urşy hem diňe siziň duruzyp biljekdigiňize ynanýaryn. Biz muňa örän uly umyt baglaýarys."

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň pozisiýasy hem urşuň ilkinji günlerinde düşnüksiz ýagdaý döretdi. Wladimir Putin bilen telefon arkaly gepleşikden soň, Kreml Žaparowyň "Donbasyň parahat ilatyny goramak boýunça Russiýanyň hereketlerini goldandygyny" habar berdi. Emma Žaparowyň administrasiýasynyň ýaýradan resmi beýanatynda beýle sözler ýokdy.

Sadyr Žaparow we Wladimir Putin Moskwada. 2025-nji ýylyň 7-nji fewraly.
Sadyr Žaparow we Wladimir Putin Moskwada. 2025-nji ýylyň 7-nji fewraly.

Synçylaryň pikirine görä, bu waka Bişkegiň urşa gatnaşýan taraplaryň haýsydyr birini açyk goldaýan ýaly görünmezlige aýratyn üns berýändigini görkezdi.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bolsa Ukraina baradaky uruş boýunça şu wagta çenli açyk we gönümel beýanat bilen çykyş etmediler.

Postsowet giňişligindäki aýratyn ýagdaý

Häzirki wagtda Ilham Aliýew, Baltika ýurtlaryny hasaba almasaň, Russiýanyň goňşusy bolan postsowet döwletleriniň arasynda Ukrainanyň basyp alnan ýerleriniň ykrar edilmeginiň ýol berilmesizdigini aç-açan aýdýan ýeke-täk döwlet baştutany bolup görünýär.

Wladimir Zelenskiý we Ilham Aliýew Moldowanyň Bulboaka şäherinde. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuny.
Wladimir Zelenskiý we Ilham Aliýew Moldowanyň Bulboaka şäherinde. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuny.

Şol bir wagtyň özünde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrlikleri halkara hukugynyň esasy ýörelgelerine, döwletleriň territorial bitewiligine we halkara derejesinde ykrar edilen serhetleriniň eldegrilmesizligine üýtgewsiz goldaw berýändiklerini yzygiderli nygtaýarlar. Emma prezidentleriň özleri bu mesele boýunça ýa dymmagy, ýa-da örän seresaply we bitarap sözleri saýlamagy makul bilýärler.

Netijede, şeýle bir ýagdaý emele gelýär: sebitdäki ýurtlar halkara hukugynyň şol bir ýörelgelerini resmi taýdan goldaýarlar, emma olary beýan etmekde düýbünden başga dil we başga äheň ulanýarlar. 

Bu maglumat şunuň bölegidir
XS
SM
MD
LG