Halkara Olimpiýa Komiteti (IOC) dünýäniň türgenlerini Russiýanyň geçirmegi planlaşdyrýan “Dostluk Oýunlary” atlandyrýan çäresini duşdan geçirmäge çagyrdy. Komitet bu planlary “sporty syýasylaşdyrmak boýunça haýasyz synanyşyk” hökmünde häsiýetlendirdi.
19-njy martda Komitetiň ýaýradan beýanatynda “Olimpiýa düzgünnamasynyň fundamental esaslaryna we BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýalaryna garamazdan, rus hökümeti Russiýada dolulygyna syýasy äheňli sport çärelerini guramagy meýilleşdirýär” diýilýär.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy esassyz urşy başlanyndan soň, halkara sport çärelerinden çetleşdirildi.
Moskwa, muňa jogap edip, Halkara Dostluk Assosasiýasyny esaslandyrdy we ony maliýeleşdirip başlady. Ol munuň çäginde “Dostluk Oýunlary” diýilýän çäreleri guramalaşdyrmakçy bolýar.
Munuň çägindäki ilkinji tomusky sport çärelerini sentýabrda, Moskwada we Ýekaterenburgda geçirmek göz öňünde tutulýar.