Ispaniýa, Irlandiýa we Norwegiýa 28-nji maýda Palestina döwletini resmi taýdan ykrar eder. Ysraýyl muny Gazada ýedi aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän weýrançylykly urşuň arasynda ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamasa berlen "sylag" hökmünde tankyt etdi.
Üç ýewropa ýurdy öz başlangyçlarynyň güýçli simwoliki täsiriniň boljakdygyna ynanýar we bu beýlekileri hem şeýle etmäge höweslendirjege meňzeýär.
Şeýle-de, olar Norwegiýanyň we Ispaniýanyň Ysraýyl-Palestina parahatçylyk tagallalaryny ilerletmekde oýnan taryhy roluna ünsi çekdiler.
Ysraýyl 28-nji maýda Gazanyň günortasyndaky şähere edýän hüjümini güýçlendirip, bosgunlaryň çadyr düşelgesinde turan ýangynyň azyndan 45 adamy öldürendigi baradaky halkara ýagzgarmalaryna garamazdan, Rafany howa zarbalary we tank bilen oka tutdy.
Öten agşam urlan zarbalarda, ýerli resmileriň aýtmaklarynda görä, azyndan 16 palestinaly öldürildi.