Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iýula çenli Ukraina wada berlen 45 sany F-16 uçaryň diňe altysyny alyp biler – NYT


F-16 kysymly uçar (Illýustrasiýa suraty)
F-16 kysymly uçar (Illýustrasiýa suraty)

Ukraina Günbatar ýaranlary tarapyndan ABŞ-da öndürilen F-16 kysymly uçarlaryň wada berlen 45 sanysynyň diňe altysyny şu iýula çenli alyp biler. Bu barada The New York Times neşiri ýazýar.

Neşiriň maglumatyna görä, munuň esasy sebäbi Rumyniýanyň Fetesti howa bazasynda ukrain uçarmanlaryny türgenleşdirmekdäki gijikdirme bilen bagly.

Türgenleşikler adatdakysyndan has ýokary depginde alnyp barylsa-da, uçarmanlary türgenleşdirmek işleri Ukrainanyň we onuň Günbatar ýaranlarynyň çak edişinden has köp wagty alýar. Olar iňlis dilini kämilleşdirmeli, şeýle-de F-16-y uçarlaryny netijeli ulanyp bilmekleri üçin, Günbataryň harby tärlerini özleşdirmeli diýip, neşir belleýär.

XS
SM
MD
LG