Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrow protestçileri atyp öldürmäge ygtyýar berdi


Çeçenistanyň diýdimzor lideri Ramzan Kadyrow
Çeçenistanyň diýdimzor lideri Ramzan Kadyrow

Çeçenistanyň Kreml tarapyndan bellenilen diýdimzor lideri Ramzan Kadyrow polisiýa işgärlerine protestçileri we demonstrantlary atyp öldürmäge ygtyýar berdi.

Bu soňky günlerde Demirgazyk Kawkaz sebitinde anti-Semitik tolgunşyklaryň ýüze çykan wagtynda edildi. Hususan-da 29-njy oktýabrda Dagystanda gazaply mähelle Mahaçkalanyň aeroportuna kürsäp giripdi.

Kadyrow 31-nji oktýabrda Telegram kanalynda polisiýa işgärlerine “howa üç gezek duýduryş oklaryny atmagy, eger-de adam boýun bolmasa, onda dördünjini maňlaýyndan atmagy tabşyrandygy” barada ýazgy galdyrdy.

Kadyrow, rus prezidenti Wladimir Putin ýaly, anti-Semitik bidüzgünçilikleriniň Ukraina we Günbatar ýurtlary tarapyndan gurnalandygyny öňe sürdi. Emma bularyň ikisi-de bu aýdanlaryna delil getirmediler.

XS
SM
MD
LG