Çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň 15 ýaşly ogly kakasynyň howpsuzlyk gullugynda ýokary derejeli wezipä bellenildi. Mundan öň, Adam Kadyrowyň tussaglykdaky bir bendini urýan pursatlary peýda bolupdy.
Çeçen lideriniň ýaranlary şu aý 16 ýaşy dolmaly Adam Kadyrowy bu wezipä bellenmegi bilen bilen gutlap, onuň edermenligini tarypladylar.
Sentýabrda kiçi Kadyrowyň Gurhan otlamakda aýyplanan tussagy urýan wideo ýazgylary kakasynyň özi tarapyndan sosial mediada paýlaşyldy.
Bu hereket, şol sanda Kreml tarapdar käbir şahslar tarapyndan ýazgaryldy.