Russiýanyň Çeçenistan respublikasynyň diýdimzor dolandyryjysy Ramzan Kadyrowyň ýiti tankytçysy Mansur Mowlaýew, Gyrgyzystanyň sudunyň ony deportasiýa etmek baradaky kararynyň berjaý edilmeginiň öň ýany, bu ýurdy terk etdi. Mowlaýew Russiýanyň raýaty.
Onuň aklawçysy Bakyt Awtandiliň 27-nji noýabrda Azatlyga aýtmagyna görä, onuň müşderisi häzir aýdyňlaşdyrylmadyk başga bir ýurtda, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletini terk etmek baradaky karary Mowlaýewiň özi kabul edipdir.
Mowlaýew geçen aý Gyrgyzystanyň serhedini bikanun geçmekde aýyplanyp alty aý tussaglyga höküm edilipdi.
Geçen hepde Bişkegiň sudy Mowlaýewi tussaglykdan boşatmak baradaky karary kabul etdi, şol bir wagtda ony deportasiýa etmek baraky höküm öz güýjünde galdyryldy.
Asly çeçenistanly Mowlaýew Russiýada ekstremizm aýyplamalary esasynda gözlenýär. Ol bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, bulary ret edýär.