Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudeau 10-njy iýunda öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kiýewe gelende, Ukraina üçin has köp harby ýardamyň beriljekdigini aýtdy.
Şeýle-de, Trudeau Ukrainanyň günortasyndaky Russiýanyň gözegçiligindäki Kakhowka bendiniň ýumrulmagyny ýazgardy.
Trudeau $375 million töweregi täze harby hemaýaty, şol sanda howa hüjüminden goranyş 287 sany goşmaça raketany yglan etdi.
Mundan başga-da, ol Kanadanyň F-16 kysymly uçarlary ulanjak ukrainaly pilotlara tälim bermek boýunça halkara derejede alnyp barylýan tagallalara gatnaşjakdygyny mälim etdi.