21-nji martda Owganystanyň Kandagar şäherinde bolan partlamada dört adam öldi, başga-da 25-si ýaralandy. Bu barada ýurduň “Talyban” dolandyryjylary we saglyk resmileri mälim etdi.
Maglumata görä, partlamada “Talyban” resmileri tarapyndan toplanan adamlaryň bir bankyň öňünde aýlyklaryny almak üçin nobata duran mahaly döräpdir.
Kandagar köp ýyldan bäri “Talybanyň” berkitme şäheri hasaplanýardy. Bu ýerde toparyň ýokary lideri Hibatullah Akhunzada hem ýaşaýar.
Bu hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat hiç bir topar öz üstüne almady. Emma sebitde birnäçe jeňçi toparlary, şol sanda “Yslam döwleti” topary hem, 2022-nji ýylda “Talyban” ýurtda häkimiýeti gaýtadan ele geçireninden soň, hüjümlerini ýaýbaňlatdylar.