Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanun çykaryjylar wetosyny ýatyranyndan soň, gözler Gürjüstanyň prezidentine dikildi


Salome Zurabişwili Gürjüstanyň Garaşsyzlyk gününde söz sözleýär
Salome Zurabişwili Gürjüstanyň Garaşsyzlyk gününde söz sözleýär

Kanun çykaryjylar 28-nji maýda prezidentiň wetosyny ýatyranyndan soň, Gürjüstanyň "daşary ýurt agenti" diýlip atlandyrylýan kanuny ýene Salome Zurabişwiliniň stoluna gaýdyp geler diýlip garaşylýar.

Russiýanyň repressiw çärelerine çalymdaş görülýän we ýurduň Ýewropa Bileleşigine tarap ymtylmasyna wehim salýan kanun taslamasy täzeden-täze protestleriň döremegine sebäp boldy.

Häkimiýet başyndaky “Gürjüstan arzuwy” partiýasy, garaşylşy ýaly, 28-nji maýda 150 orunlyk parlamentde 84 deputatyň goldamagynda, 4 deputatyň garşy çykmagynda ses berip, artykmaçlyk gazandy. Zurabişwiliniň wetosyny ýatyrmak üçin olara ýönekeý köplük, 76 ses gerekdi.

Oppozisiýa deputatlarynyň köpüsi ses berilmezden öň mejlis zalyndan çykyp gitdi.

"Gürjüstan arzuwyna" garşy duran we Günbatara tarapdar demonstrantlaryň tarapyny tutan Zurabişwiliniň bu kanun taslamasyna gol çekmegi üçin bäş gün wagty bar. Ol bu taslama gol çekjekdigini aňladýan hiç bir alamat görkezmedi. Ýöne ol boýun gaçyrsa, parlamentiň başlygy, “Gürjüstan arzuwy” partiýasynyň agzasy Şalwa Papuaşwili garpma-garşylykly kanuna gol çekip biler.

Zurabişwiliniň wetosyny ýatyrjak ses berişlik Ýewropa Bileleşiginiň we birnäçe agza döwletiň Gürjüstanyň kanun çykaryjylaryna iberen ýüzlenmelerine, köpüsi ýaşlardan ybarat bolan ýüzlerçe demonstrantyň gürji we ÝB baýdaklaryny galgadyp, "Rus kanuny ýok!" we "Gullar!" diýip gygyryp bildiren protestlerine garaman geçildi.

Zurabişwili kanun çykaryjy organyň işiginde ýygnanan parahat mähellä wideo baglanyşygy arkaly ýüzlenip, kanun taslamasyna ses beren 84 kanun çykaryjynyň soňky sözlerine ýol bermezlige çagyrdy.

Kanuna ses beren 84 deputat "şu gün bu ýere gelenler - täze Gürjüstan, Gürjüstanyň geljegi bilen deňeşdireniňde hiç kim" diýip, prezident demonstrantlary oktýabr aýynda geçiriljek milli saýlawlar üçin öz gahar-gazaplaryny we güýçlerini tygşytlamaga hyjuwlandyryp aýtdy.

Gürjüstanyň raýat jemgyýeti ýurdy indi ençeme ýyl bäri Günorta Osetiýada we Abhaziýada müňlerçe esger saklaýan Russiýanyň täsirinden daşlaşdyrmaga synanyşýar, Moskwa 2008-nji ýylda Tbilisi bilen bolan bäş günlük uruşdan Gürjüstanyň iki bölüniji sebitini garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etdi.

Tankytçylar bu kanunçylygyň, şu ýylyň aýagynda geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda partiýanyň häkimiýete ýapyşmagyny pugtalandyrmak maksady bilen, Russiýa tarapdar gürji milliarderi, öňki premýer-ministr Bidzina Iwanişwili tarapyndan esaslandyrylan "Gürjüstan arzuwy" tarapyndan hödürlenendigini aýdýarlar. Öňdäki saýlawlar Gürjüstanyň Ýewro-Atlantik ýodasy üçin aýgytly ses berişlik hasaplanýar.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi “Gürjüstan arzuwyna” tankyda göz ýummagyň we protestçileri güýç bilen basyp ýatyrmagyň ýaramaz netijeleriniň boljakdygyny duýdurdylar.

Gürjüstan dekabr aýynda ÝB-ne dalaşgär ýurtlaryň arzuw edilen durumyna eýe boldy, ýöne bu ýurt hakyky goşulmak gepleşiklerine indi başlamaly we munuň birnäçe ýyl wagt almagy mümkin. Bu gepleşikleriň şu ýylyň aýagynda başlamagyna umyt baglanýardy, ýöne Brýussel "daşary ýurt agenti" kanunynyň Tbilisiniň Ýewropa barýan ýoluna howp salyp biljekdigini duýdurdy.

"Gürjüstan arzuwy" özüniň Günbatar institutlaryna goşulmak melelesine ygrarly bolup galýandygyny we bu kanunyň diňe jemgyýetçilik guramalarynyň maliýeleşdirmeginde aç-açanlygy ýokarlandyrmak üçin ulanyljakdygyny aýtdy.

Emma Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel 28-nji maýda Zurabişwiliniň wetosyny ýatyrmagyň Gürjüstanyň Ýewropa arzuwlary meselesinde "yza ädilen ädim" bolandygyny duýdurdy.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell Tbiliside geçirilen ses berişlikden bir gün öň, Gürjüstan bu kanuny kabul etse, Bileleşigiň mümkinçiliklere seredip başlajakdygyny aýtdy. Ol bu meseledäki kararyň geljek aýda kabul ediljekdigini hem sözüne goşdy.

"Gürjüstan arzuwy" bu kanun taslamasyny öňe süreninden soň, Döwlet departamentiniň metbugat wekili Birleşen Ştatlaryň parlamentiň kararyny ýazgarýandygyny aýtdy we žurnalistlere bu partiýanyň hereketleri we Günbatara garşy ritorikasy Gürjüstanyň demokratik ýoluna wehim salýar diýdi.

Senatyň täsirli Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy, senator Ben Kardin (Demokrat-Meriländ) “Gürjüstan arzuwynyň” ses beren gününiň “Gürjüstan üçin gamgyn gün” bolandygyny aýtdy we Waşingtonyň gürji halkynyň arzuwlaryny goldamak kararyna ygrarlylygyny tassyklady.

Zurabişwili gürjüstanlylary şu ýylyň aýagynda geçiriljek parlament saýlawlaryna taýynlyk görmäge çagyrdy.

Forum

XS
SM
MD
LG