Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

KazTAG agentliginiň Astanadaky ofisinde we baş redaktoryň öýünde barlag geçirildi


 Amir Kasenow
Amir Kasenow

Gazagystanyň KazTAG agentliginiň Astanadaky ofisine gözleg, barlag işlerini geçirmek üçin polisiýa işgärleri geldi diýip, Azattyk radiosy 29-njy dekabrda habar berdi.

KazTAG agentligi polisiýanyň şol gün baş redaktor Amir Kasenowyň kwartirasynda hem gözleg, barlag işlerini geçirendigini habar berdi.

Aklawçylara barlag geçirilýän kwartiranyň içine girmäge rugsat berilmedi, KazTAG munuň goranyş hukugynyň bozulmagy bolandygyny belledi.

Azattyk radiosy taraplaryň sözlerini ýazga almaga synanyşdy, ýöne polisiýa olaryň derňewe päsgel bermezligini talap etdi.

Bu barlaglar Orsýetiň raýaty bolan, Gazagystanyň raýatlygyny kabul eden milliarder Timur Turlowyň gözegçiligindäki “Freedom Finance” araçylyk kompaniýasynyň arzasy boýunça Amir Kasenowa we KazTAG-yň baş direktory Asset Mataýewe garşy gozgalan jenaýat derňewiniň çäginde geçirildi.

Olar “bilkastdan ýalan maglumat ýaýratmakda” (Jenaýat kodeksiniň 274-nji maddasy) aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG