Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kim, strategiki hyzmatdaşlyk üçin, Putin bilen 'el-ele berjekdigini' aýdýar


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen. Arhiw suraty
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen. Arhiw suraty

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen "el-ele berjekdigini" we strategiki hyzmatdaşlygy güýçlendirjekdigini aýtdy diýip, KCNA döwlet habar gullugy 12-nji iýunda habar berdi.

Kim Putine Russiýanyň Milli güni mynasybetli ýazan hatynda onuň Ukrainany basyp almak kararyny gorady we "doly goldaw we raýdaşlyk" görkezdi.

"Adalat ýeňer we rus halky özüniň ýeňiş taryhyna şan-şöhrat goşmagyny dowam etdirer" diýip, Kimiň döwlet habar gullugy tarapyndan çap edilen hatynda aýdylýar.

Çetleşdirilen kommunistik diktatura bolan Demirgazyk Koreýa Russiýa geçen ýyl Ukraina çozanyndan soň Moskwany goldady we Kreml bilen has ýakyn gatnaşyk gurmaga çalyşdy.

XS
SM
MD
LG