Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew dron zarbasynyň öňüni aldy, Russiýa Gara deňizdäki gämisini ukrain hüjüminden gorandygyny aýdýar

Arhiw suraty.
Arhiw suraty.

Russiýa Kiýewe pilotsyz uçarlaryň ýene bir tolkuny bilen zarba urdy diýip, sebit resmileri 25-nji iýulda, irden aýtdylar. Birleşen Ştatlaryň Ukraina goşmaça 400 million dollar töweregi harby kömek berjekdigini yglan etjekdigi baradaky habarlaryň arasynda, Moskwa özüniň Gara deňizdäki patrul gämileriniň birini ukrain hüjüminden gorandygyny aýtdy.

Öten agşam, rus goşunlarynyň Ukrainanyň paýtagtyna şu aýda eden altynjy hüjüminde uçurylan pilotsyz uçarlaryň ählisi howa goragy tarapyndan urlup gaçyryldy diýip, Kiýew şäher harby dolandyryş gullugynyň başlygy Serhiý Popko 25-nji iýulda, irden aýtdy.

"Howa duýduryşy üç sagat dowam etdi. Duşman Eýranyň "Şahid "pilotsyz uçarlaryny ulandy. Bu paýtagta şu aýda edilen altynjy dron hüjümi boldy. Kiýewe golaýlan howa nyşanalarynyň ählisi öz wagtynda kesgitlenildi we ýok edildi" diýip, Popko aýtdy. Ol bu hüjümiň hiç bir pida çekilmegine we zaýaçylyga sebäp bolmandygyny hem sözüne goşdy.

Russiýanyň merkezi Çerkasy sebitine eden dron hüjüminiň hem puç bolandygy habar berildi. Sebit resmileri ol hüjümden hiç bir adamyň pida bolmandygyny, zyýan çekilmändigini aýtdylar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi beýanat çap edip, Ukrainanyň deňiz dronlarynyň Gara deňide Moskwanyň patrul gämileriniň birine hüjüm etmäge synanyşandygyny, emma bu hüjümiň başa barmandygyny aýtdy.

"Ukrainanyň ýaragly güýçleri öten agşam iki sany deňiz drony bilen Sergeý Kotow patrul gämisine şowsuz hüjüm etdi" diýip, ministrlik aýtdy. Beýanatda bu diýilýän hüjümiň Sewastopol portundan 370 km çemesi uzakda guralandygy aýdyldy.

Bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady. Sergeý Kotow gämisi Russiýanyň iň täze harby gämileriniň biri bolup, harby-deňiz flotuna geçen ýyl gowşuryldy.

Ukrainanyň gündogar Donetsk sebitiniň häkimi Pawlo Kyrylenko 25-nji iýulda irden bir gün ozal Kostýantiniwka şäherine edilen hüjümde ölenleriň sanynyň artandygyny aýtdy.

Ýerli suw howdanynyň kenary topa tutulanda, ol ýerde suwa düşýän iki adam, şol sanda 10 ýaşly bir oglan öldürildi, ýedi adam ýaralandy, olaryň dördüsi 5 we 12 ýaş aralygyndaky çagalar diýip, Kyrylenko parahat ilata garşy hüjümde klaster oklarynyň ulanylandygyny aýtdy.

Bu aýdylýanlar bada-bat tassyklanyp bilinmedi.

Klaster ok-därileri, howada açylýan we köp sanly kiçi bombany seçýän bombalar asuda ilat üçin örän howly hasaplanýar we şu sebäpden gadagan edilýär. Birleşen Ştatlar şu aýyň başynda Ukraina klaster ok-därilerini iberendigini habar berdi.

Kiýew bu ok-därileri seresaplylyk bilen we diňe öz territoriýasyny basybalyjylardan arassalamakda ulanmak wadasyny berdi.

24-nji iýulda Moskwadaky binalara iki pilotsyz uçaryň hüjüm edendigi habar berildi, habar serişdeleri Goranmak ministrliginiň merkezinden uzak bolmadyk ýerde tapylan dron galyndylary barada habar berdi.

Şeýle-de, Russiýa 24-nji iýulda Ukrainanyň Dunaýdaky galla eksport merkezlerine, Reni we Izmail portlaryndaky desgalara pilotsyz uçarlar bilen hüjüm etdi. Bu hüjüm ýüzlerçe metr uzaklykda, derýanyň aňyrsynda ýerleşýän Rumyniýanyň, NATO we ÝB agzasynyň tas alkymyndaky desgalara edilen hüjüm boldy.

Ukrain güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda söweş meýdanynda 35 çaknyşyga gatnaşdy diýip, baş ştab 25-nji iýulda, irden habar berdi.

Ukrain goragçylary Russiýanyň gündogar Donetsk sebitinde, Bahmutyň töwereginde synanyşan garşylykly hüjümini yzyna serpikdirdiler diýip, hasabatda aýdylýar.

Forum

XS
SM
MD
LG