Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew Russiýanyň gadagan edilen himiki serişdeleri ulanyp, hüjümleri güýçlendirýändigini aýdýar


Ukraina rus güýçleriniň gadagan edilen howply himiki serişdeleri ýerleşdirmek üçin esasan pilotsyz uçarlar tarapyndan zyňylýan granatlary ulanýandygyny aýdýar.
Ukraina rus güýçleriniň gadagan edilen howply himiki serişdeleri ýerleşdirmek üçin esasan pilotsyz uçarlar tarapyndan zyňylýan granatlary ulanýandygyny aýdýar.

Ukraina Russiýany gadagan edilen howply himiki serişdeleri, şol sanda göz ýaşardyjy gazy ulanyp, söweş hüjümlerini güýçlendirmekde aýyplaýar. Bu, söweş meýdanyndaky öte geçmeler baradaky aýyplamalaryň iň soňkusydyr.

Russiýanyň Ukrainadaky söweşiniň dowamynda Moskwa bilen Kiýew birek-biregi uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda we gadagan edilen himiki ok-därileri ýerleşdirmekde aýyplap gelýärler.

Ukrain goşuny 24-nji iýunda beren maglumatynda maý aýynyň dowamynda rus güýçleriniň “howply himiki garyndylary” öz içine alýan ok-därileri ulanmagy bilen bagly wakalaryň 715 sanysynyň hasaba alnandygyny aýtdy.

Bu görkeziji, aprel aýy bilen deňeşdirilende, 271 hadysanyň köpelendigini aňladýar diýip, ukrain goşuny belledi.

XS
SM
MD
LG