Ukraina 29-njy awgustda, Russiýanyň Kiýewe we tutuş ýurda gönükdirilen täze zarbalaryny urýan wagtynda, ýurt garaşsyzlygyny gorap wepat bolanlaryň Hatyra gününi belledi.
Ukrainanyň howa goragçylary, ukrain paýtagtyna dört gün içinde edilen üçünji uly hüjümde, Kiýew asmanynda 10-dan gowrak rus pilotsyz uçaryny urup gaçyrdy diýip, şäher administrasiýasy habar berdi.
"Soňky 4 günde Kiýewe üçünji howa hüjümi edildi! Ýene bir gezek köpçülikleýin hüjüm edildi! Bu gezek olar diňe uçarmansyz howa ulaglaryny ulandylar" diýip, Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko Telegramda aýtdy. Ol bu hüjümiň Ukrainanyň Herson sebitiniň basylyp alnan böleginden we Russiýanyň Kursk sebitinden edilendigini hem sözüne goşdy.
Popko urlan pilotsyz uçarlaryň galyndylaryň ýangyn turmagyna sebäp bolandygyny, ýangyn söndürijileriň olary öçürendigini, ölen-ýitenler, maddy zyýan barada habar almandygyny aýtdy.
Ukrainanyň howa güýçleri 29-njy awgustda ýurt çäginde Russiýanyň iki raketasynyň, 60 pilotsyz uçarynyň urlandygyny aýtdy.
Ukraina edilen soňky hüjümler Russiýanyň ýurduň iki sebitinde, Donetskde we Zaporižýada azyndan dokuz adamy öldüren hüjümleriniň bir gün soňundan, Ukrainanyň ýurt goragçylaryny ýatlaýan Hatyra gününde edildi.
Hatyra güni Donetsk sebitindäki Ilowaisk söweşiniň 10 ýyllygyna gabatlanyp geçirildi. 2014-nji ýylyň 24-nji awgustynda rus goşunlary, rus goşunynyň şäherden çekilmegiň parahatçylykly boljagyny kepillendirendigine garamazdan, daşy gabalan şäherden çykyp başlan ukrain esgerleriniň ýüzlerçesini atyp öldürdi.
Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi, general Oleksandr Syrskiý bu Hatyra gününiň, öz sözleri bilen aýdylanda, rus agressorynyň haýynlygynyň hemişelik duýduryşy bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.
"Ilowaisk diňe bir ukrain taryhyndaky pajygaly waka däl, eýsem ukrain ýeňilmezliginiň hem sahypasy bolup durýar. Bu ukrain goşunynyň eden işi we edermenligi. Geliň ýatlalyň, çekilen ýitgä we duşmanyň aldawyna garamazdan, esgerlerimiz olara boýun bolman, gabawy böwüsmek we duzakdan boşamak üçin söweşmeklerini dowam etdirdiler” diýip, Syrskiý telegram ýazgysynda aýtdy.
"Bu gün bize hemişe rus agressorynyň haýynlygyny ýatladar, terrorçylar we ganhorlar bilen islendik gepleşigiň ölüm howply işdigini we olara ynanyp bolmajakdygyny ýatladar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukrainanyň baş ştaby 29-njy awgustda bir gün öň Russiýanyň nebit ammarlaryny we ok-däri ammaryny nyşana alan pilotsyz uçar hüjümleriniň arkasynda özüniň durandygyny tassyk etdi.
Russiýanyň Rostow sebitiniň Kamenskiý etrabyndaky nebit ammaryna urlan zarba harby güýçleriň ýörite operasiýa bölümleri tarapyndan, Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw müdirligi, Ukrainanyň goranmak güýçleriniň beýleki bölümleri bilen bilelikde amala aşyryldy diýip, beýanatda aýdylýar.
Şeýle-de, baş ştab ukrain serhedinden takmynan 1500 km demirgazyk-gündogarda, Kirow sebitindäki Zenit nebit ammaryna, Russiýanyň Woronež sebitindäki Zapad artilleriýa toparynyň ok ammaryna edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Belgorod sebitiniň gubernator Wýaçeslaw Gladkow 29-njy awgustda ukrain hüjümleri netijesinde bir adamyň ölendigini, iki adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Gladkowyň telegramdaky ýazgysynda "Şebekino şäheriniň ukrain güýçleri tarapyndan nyşana alnandygy" we "bir adamyň öldürilendigi" aýdylýar.
Ukraina bada-bat we garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýän habara hiç bir düşündiriş bermedi.
Forum