Russiýanyň 21-nji martda irden ukrain paýtagtyna atan raketalarynyň uly tolkuny Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş güýçleri tarapyndan ep-esli yza gaýtaryldy, ýöne ýere düşen galyndylar sebäpli ençeme adam ýaralandy we Kiýewiň käbir böleklerine uly zyýan ýetdi.
Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko şäheriň iki etrapçasynda 10 adamyň, şol sanda 11 ýaşly gyzyň ýaralanandygyny aýtdy. Ol bu raýatlaryň alty sanysynyň Şewçenkiwskiý etrabynda, ikisiniň Swýatoşinskiý etrabynda ýaralanandygyny we olaryň ikisiniň keselhana ýerleşdirilendigini hem belledi.
“Urlan rus raketalarynyň galyndylary Kiýewiň birnäçe sebitindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, kärhanalaryň, çagalar bagynyň we ulaglaryň üstüne düşdi” diýip, Kliçko aýtdy.
Transformator podstansiýasynyň we birnäçe ýaşaýyş jaýynyň ot almagy [adamlaryň] ewakuasiýa edilmegine getirdi diýip, ol sözüne goşdy.
Kiýew administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko paýtagtyň Browariý we Wişhorod etrapçalarynda, azyndan 24 hususy ýaşaýyş jaýynyň weýran bolan ýerinde ýene iki adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Popko, Russiýanyň hüjüminiň üç sagat dowam edendigini, raketalaryň bir wagtyň özünde, ýöne dürli taraplardan paýtagta atylandygyny hem belledi.
Hüjümiň dowamynda tutuş Ukrainanyň çäginde howa hüjümi duýduryşy yglan edildi.
Ukrainanyň harby howa güýçleri aýratyn ýaýradan beýanatynda Russiýanyň Kiýewe rus şäherleri Wolgodonskdaky we Engelsdäki 11 sany Tu-95MS strategiki bombaçy uçaryndan 31 sany raketany atandygyny aýtdy.
“Duşman Kiýewe Iskander-M kysymly iki raketa we Kh-101 kysymly 29 sany ganatly raketa bilen hüjüm etdi” diýip, beýanatda bellenilýär. “Duşmanyň ähli raketalary Kiýew regionynda uruldy” diýip, ukrain serkerdebaşysy Mykola Olesçuk beýanatda nygtaýar.
Rus hüjümleriniň soňky tolkuny, Russiýanyň gündogar Harkow şäherine eden hüjümleriniň netijesinde bäş adamyň öldürilmeginden bir gün soň boldy.
20-nji martda Ukrainanyň aňtaw gullugyndaky çeşmeler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ukrain pilotsyz uçarlarynyň Saratow sebitindäki Engels şäheriniň golaýynda ýerleşýän rus howa bazasyna hüjüm edendigini we hüjümiň Ukrainanyň Harby aňtaw gullugynyň baş müdirligi tarapyndan meýilleşdirilendigini we ýerine ýetirilendigini aýtdylar.
Atlarynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan çeşmeler “nyşanalara hüjüm edilendigini” we hüjümiň netijelerine baha berilýändigini hem bellediler, ýöne haýsy nyşanlara we näçesine hüjüm edilendigini mälim etmediler.
Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi 21-nji martda ýaýradan beýanatynda özüniň howa goranyş ulgamlarynyň Belgorod serhetýaka sebitinde Ukraina tarapyndan atylan 10 sany “Wampir” raketany urup gaçyrandygyny aýtdy.
Hüjümde sebitdäki iň uly sport we medeni desga bolan “Belgorod Arena” zeper ýetdi diýlip, beýanatda bellenildi.
Bu öňe sürmeleri garaşsyz çeşmelere tassykladyp bolmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum