Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Komik Nurlan Saburowa Russiýa 50 ýyl möhlet bilen girmegi gadagan edildi – metbugat

Komik Nurlan Saburow
Komik Nurlan Saburow

Stendap-komik Nurlan Saburowa Russiýa 50 ýyl möhlet bilen girmegi gadagan edildi. Bu baradaky degişli karar 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan güýje girdi diýip, RIA “Nowosti” habar agentligi hukuk goraýjy edaralardaky çeşmä salgylanyp ýazdy.

Telegram-kanallaryň we beýleki medialaryň maglumatlaryna görä, bu gadaganlygyň sebäbi Russiýanyň migrasiýa we salgyt kanunçylygynyň bozulmagy, şeýle-de Ukrainadaky urşy tankytlamagy bilen baglanyşdyrylýar.

Habarlara görä, Saburow Wnukowo howa menzilinde pasport gözegçiliginden geçýän mahaly oňa ýurda girişiň ret edilmegi köpçüligiň üns merkezine düşdi.

Mundan öň, Nurlan Saburowyň Russiýanyň birnäçe şäherindäki meýilleşdirilen çykyşlary ýatyrylypdy.

Habaryň çap edilen pursadyna çenli Saburowyň özünden ýa-da Russiýanyň resmi häkimiýetlerinden bu barada teswir berilmedi.

Nurlan Saburov – stendap-komik we teleýaýlym alyp baryjy. Ol Gazagystanda doguldy, Russiýada Stand Up we “Çto bylo dalşe?” (“Soň näme boldy?”) diýen şowhunly-programmalaryň esasy gatnaşyjylarynyň hem-de alyp baryjylarynyň biri hökmünde giňden tanaldy. Soňky ýyllarda ol esasan Russiýada ýaşady we işledi, iri şäherlerde konsertler bilen çykyş etdi we meşhur internet taslamalaryna gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG