Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde rugsat beriji resminamalar bolmazdan gurlan balkonlar sökülýär we sowet döwründe gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna olaryň ilkinji binagärlik keşbi gaýtarylyp berilýär. Bu çäre iki ýyl ozal kabul edilen kanuna laýyklykda geçirilýär we Bişkegiň birnäçe etrabyny öz içine alýar.
2024-nji ýylda kabul edilen kanun Bişkegiň häkimiýetine binalara özbaşdak gurlan goşmaça gurluşlary sökmäge ygtyýar berdi. Resminamanyň esasy maksady şäheriň «bitewi binagärlik we estetiki keşbini» gowulandyrmak diýlip görkezilýär.
Köp gatly jaýlaryň fasadynyň daşyna çykarylyp giňeldilen balkonlar postsowet giňişligindäki köp şäherlerde adaty ýagdaý hasaplanýar. Şeýle özbaşdak gurluşlar heniz Sowet Soýuzy dargamazdan öň hem peýda bolup başlapdy. Dar öýlerde ýaşaýan adamlar goşmaça zat saklamak üçin ýer gazanmak maksady bilen balkonlaryny giňeldýärdiler we üýtgedýärdiler.
Köplenç şeýle goşmaça gurluşlar bar bolan beton balkonlaryň üstüne gurlan demir listlerden ybarat bolýar.
Bişkegiň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, olar köçäniň sesini azaltmak we gatnawy köp köçelere bakýan penjirelerden öýlere tozan düşmegini kemeltmek üçin balkonlaryny täzeden gurup, ýapyk görnüşe getirýärler.
Bişkek şäher häkimliginiň habar bermegine görä, sökülmeli balkonlaryň eýelerine binalary öňki ýagdaýyna getirmek boýunça geçiriljek işler barada öňünden duýduryş berilýär. Işçi toparlary baranda öý eýeleriniň ýerinde bolmaýandygy sebäpli kynçylyklar ýüze çyksa-da, şäher häkimligi «Bikanun gurlan we degişli görkezme berlen ähli balkonlar hökmany suratda söküler» diýýär.
Şäher häkimiýeti balkonlaryň ilkinji gurluşyna girizilen beýleki üýtgeşmelere garşy hem göreşýär. Mysal üçin, daşardan içeri görünmez ýaly gurlan dürli germewler we ýapynjalar hem sökülýär.
Bişkekdäki söküş işleri Gyrgyzystanyň 2026-njy ýylyň tomsunyň ahyrynda geçirilmegine garaşylýan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine we ‘Çarwa halklaryň oýunlaryna’ taýýarlyk görýän döwrüne gabat geldi. Şeýle-de bolsa, şäher häkimligi bikanun gurlan balkonlaryň halkara çäreleriniň geçirilýändigine ýa-da geçirilmeýändigine garamazdan, hemişelik esasda sökülmeginiň dowam etdiriljekdigini belleýär.
Şäher häkimiýetiniň bu başlangyjy işçi toparlarynyň käbirleriniň alyp barýan işi bilen bagly jedelleri döretdi. Ýaşaýjylar toparlaryň biriniň öý eýesi öýde ýok wagty gurluşyk galyndylaryny onuň myhman otagyna taşlandygyny aýdýarlar.
Balkonlaryň sökülmegi baradaky meselede ýaşaýjylaryň pikirleri iki bölege bölünýär.
Sosial ulgamlarda käbirleri şäher häkimliginiň binagärlik sazlaşygyny gazanmak ugrundaky tagallalaryny öwgä mynasyp hasaplaýarlar, beýlekiler bolsa şäheriň «ýüzsüz» sowet estetikasyna gaýdyp barýandygyny tankytlaýarlar.
Teswir ýazanlaryň biri könelişen köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny talyplar umumy ýaşaýyş jaýlaryna meňzetdi.
«Bu öýlerde indi ýaşaýjy ýok ýaly, tutuş şäherde diňe talyplar ýaşaýan ýaly duýgy döreýär» diýip, Instagram ulanyjylarynyň biri ýazdy.