Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kramatorska urlan raketa zarbasyndan ölenleriň sany dokuza ýetdi; halas ediş işleri dowam etdirilýär


Halas ediş işleri dowam etdirilýär
Halas ediş işleri dowam etdirilýär

Rus güýçleriniň öten agşam ýurduň çar künjegine urýan howa zarbalaryny we dron hüjümlerini dowam etdirmegi bilen, Russiýanyň 27-nji iýunda Ukrainanyň gündogaryndaky Kramatorsk şäherine eden raketa hüjümlerinde ölenleriň sany dokuz adama ýetdi, 56 adam ýaralandy diýip, Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy 28-nji iýunda habar berdi.

Russiýa 27-nji iýun agşamy Kramatorsk şäherine iki sany raketa zarbasyny urdy, olaryň biri şäher merkezindäki köp adamly pizza restoranyna, ikinjisi Donetsk sbitindäki şäheriň eteginde ýerleşýän bir oba gelip düşdi.

Söwda merkezini we onuň ýanaşyk binalaryny ýer-ýegsan eden raketa zarbasyndan ölenleriň arasynda dört sany çaga hem bar.

Dördünji çaga, oglanjyk harabalykdan 28-nji iýunda, irden çykaryldy diýip, Kramatorsk şäheriniň häkimi Oleksandr Honçarenko Facebookda ýazdy.

"Halas edijiler weýran edilen binanyň harabalyklarynyň arasyndaky gözleg, agtaryş işlerini dowam etdirýärler, olaryň aşagynda çykyp bilmän galan adamlaryň bar bolmagy mümkin” diýip, Gyssagly kömek gullugynyň işgärleri telegram habarlaşma programmasynda aýtdylar.

Donetsk harby administrasiýasynyň başlygy Pawlo Kyrylenko şäher merkeziniň täsir ýeten ýerleriniň golaýynda bir topar jaýyň, dükanyň, kafeniň we beýleki kärhanalaryň zyýan çekendigini aýtdy.

Şäher etegine uran ikinji raketa bäş adamy ýaralady. Üçünji raketa merkezi Ukrainanyň Poltawa sebitiniň Kremençuk şäherindäki binalara gelip urdy, ýöne ölenler barada habar berilmedi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski gijeki wideo ýüzlenmesinde Kramatorsk şäherine edilen hüjümleriň Russiýanyň öz "eden işleriniň netijesi hökmünde diňe bir zada, ýeňlişe we harby tirubunala mynasypdygyny" görkezendigini aýtdy.

Ak tam Russiýany Kramatorsk şäherine uran "gazaply zarbalary" üçin ýazgardy we Waşingtonyň Ukrainany özüni goramak we rus güýçleri tarapyndan basylyp alnan ýerleri yzyna almak tagallalarynda goldamagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Pentagon 27-nji iýunda Ukraina üçin 500 million dollara barabar täze harby bukjany yglan etdi, bu kömek “Bredli” söweş ulaglary, “Stryker” sowutly ulaglary we beýleki enjamlar bilen üpjün eder.

Ukrainanyň prezidenti Zelenski twitterde soňky gelip gowşan ýaraglar üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi, Russiýanyň Waşingtondaky ilçihanasy bolsa ABŞ-nyň täze bukjasynyň onuň “diňe Russiýa Federasiýasyny strategiki ýeňlişe sezewar etmek pikirinden ugur alýandygyny tassyklaýandygyny” aýtdy.

28-nji iýundaky hüjüm Kremençukdaky söwda merkezine edilen we 20 adamyň ölmegine getiren raketa hüjüminden bir ýyl soň edildi.

Kramatorsk Donetsk sebitiniň esasy şäheri bolup, ruslaryň günbatara tarap öňe süýşmeginde esasy maksada öwrülene meňzeýär. Bu şäher ruslaryň ýygy-ýygydan hüjüm edýän nyşanasyna aýlandy.

Ol 2-nji maýda tapgyrlaýyn raketa atýan “Tornado” ulgamy bilen edilen hüjüme sezewar boldy. Rus güýçleri bu zarbada ok-däriden doldurylan demirýol wagonynyň ýok edilendigini öňe sürdüler.

Russiýanyň Kramatorsk şäheriniň esasy demirýol menziline geçen ýylyň aprelinde eden hüjüminde 63 adam öldi. Bu ýyl şäherdäki ýaşaýyş jaýlaryna we raýat infrastrukturasyna azyndan iki gezek zarba uruldy.

Anyk subutnamalara we görnetin görkezijilere garamazdan, Moskwa Ukrainadaky parahat ilaty topa tutýandygy barada aýdylýanlary inkär edýär. BMG Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli çozuşy netijesinde, Ukrainada 18-nji iýuna çenli 9883 raýatyň ölendigini tassyklady.

Ukrain howa güýçleri 28-nji iýunda irden rus güýçleriniň öten agşam "günorta-gündogar tarapdan" uçuran alty dronyny, Eýranda öndürilen “Şahed” pilotsyz uçarlaryny urup gaçyrandyklaryny aýtdylar.

Ukrain goşuny 28-nji iýunda Russiýanyň Ukrainanyň çägine garşy uran 24 howa zarbasynyň arasynda goşmaça “Şahed” howa zarbalarynyň hem bolandygyny habar berdi.

Şeýle-de, ukrain goşuny ýurduň gündogarynda dowam edýän garşylykly hüjümiň Liman, Bahmut we Marýinka frontlaryna gönükdirilendigini aýtdy.

Garşylykly hüjümiň garaşylýandan has haýal barýandygy baradaky aladalaryň arasynda, Ukrainanyň goranmak ministri Oleksiý Reznikow 28-nji iýunda "Finansal Taýms" gazetine beren interwýusynda ukrain güýçleriniň “belli bir ilerleme gazanandygyny”, ýöne ýurduň harby ýolbaşçylarynyň bu maglumatlary goşuna zyýan ýetmezligi üçin köpçülige mälim etmekden saklanýandyklaryny aýtdy.

Şeýle-de, Reznikow Ukrainanyň ätiýaçdaky goşunlarynyň köpüsiniň, şol sanda häzirki zaman günbatar ýaraglary bilen enjamlaşdyrylan brigadalaryň entek garşylykly hüjümde ulanylmaýandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG