Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kramatorskda rus zarbasy netijesinde üç dogan heläk boldy

Russiýanyň Odessa uran zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň Odessa uran zarbalarynyň netijeleri

Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Kramatorsk şäherinde 12-nji fewralyň gijesi rus zarbasy netijesinde üç dogan heläk boldy. Olaryň ýene iki garyndaşy ýaralandy. Bu barada Donetsk oblastynyň prokuraturasy habar berdi.

13-nji fewrala geçilýän gije rus harbylary dronlar bilen Odessa oblastyna zarba urdy. Sebitiň harby administrasiýasynyň başlygy Oleh Kiper bir adamyň heläk bolandygyny, ýene alty adamyň ýaralanandygyny, olaryň üçüsiniň agyr ýagdaýdadygyny aýtdy.

Ukrainanyň häkimiýetleri we halkara guramalar raýat infrastrukturasyna hem-de parahat ýaşaýjylara garşy urulýan zarbalary uruş jenaýaty hökmünde häsiýetlendirýärler. Russiýanyň häkimiýetleri muny ret edip, hüjümleriň harby nyşanalara gönükdirilýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG