Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml ýaragly adamlaryň Moskwanyň etegindäki konsert zalyna eden “ganly terrorçylyk hüjümini” ýazgardy


22-nji martda köp sanly ýaragly adam Moskwanyň etegindäki Krasnogorskda ýerleşýän “Krokus siti holl” konsert zalyna hüjüm edensoň, desganyň ot alandygyny görse bolýar.
22-nji martda köp sanly ýaragly adam Moskwanyň etegindäki Krasnogorskda ýerleşýän “Krokus siti holl” konsert zalyna hüjüm edensoň, desganyň ot alandygyny görse bolýar.

Kamuflýajly ýaragly hüjümçileriň 22-nji martda giçlik Moskwanyň etegindäki Krasnogorskda ýerleşýän “Krokus siti holl” konsert zalyndaky adamlaryň köpçüligine ot açmagy netijesinde, köp sanly adam ýitgisiniň bolandygy habar berilýär.

“Piknik” rok aýdym-saz toparynyň konsertiniň başlamagynyň öň ýanynda bolan hüjümde ençeme partlamanyň bolandygy aýdylýar. Wideo ýazgylarda konsert zalynyň ýokarky gatlaryndan alawyň çykýandygyny görse bolýar.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa halkara jemgyýetçiligini "bu ganly terrorçylykly hüjümi ýazgarmaga" çagyrdy.

Paýlaşylan wideolarda ýaragly adamlaryň konsert zalyna girip, hüjüm ýaraglary bilen ot açýandygyny görse bolýar.

Ýörite howpsuzlyk güýçleri we polisiýa işgärleri wakanyň bolan ýerine bardylar.

“RIA-Nowosti” neşiri hüjüme azyndan üç ýaragly adamyň gatnaşandygyny we olaryň awtomatiki ýaraglar bilen ot açandyklaryny habar berýär. “Interfaks” neşiri azyndan bäş hüjümçiniň bardygyny aýdýar.

Russiýanyň Baş prokuraturasy şeýle diýdi: "Ölenleriň sany kesgitlenýär. Güýmenje merkezinde ýangyn bar. Adamlar ewakuasiýa edilýär".

Käbir çeşmeler ölenleriň sanynyň onlarça adama barabardygyny we başga-da köp adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Operasiýa ýyl ýazgylary boýunça ýöriteleşen "112" Telegram kanaly takmynan 40 adamyň ölendigini we başga-da 100-den gowragynyň ýaralanandygyny habar berdi.

Moskwa sebitiniň häkimi Andreý Worobýow azyndan 21 adamyň ýaralanandygyny we keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Paýlaşylan bir wideo Moskwanyň etegindäki saýlama sebitde ýerleşýän binanyň ýokarky gatyndan çykýan güýçli alawlaryň we tüsseleriň uzakdan hem görünýändigini görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG