Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremli tankytçy Alekseý Nawalny Arktika türmesine getirilendigini tassyklady


Kreml tankytçysy Alekseý Nawalny
Kreml tankytçysy Alekseý Nawalny

Türmede oturan Kreml tankytçysy Alekseý Nawalny Arktikadaky türmä geldi we onuň ýagdaýynyň gowudygy habar berildi.

Ozal twitter diýip bilinýän X sosial media platformasynda 26-njy dekabrda çap edilen ýazgylar, şol sanda Nawalnynyň adyndan paýlaşylan ýazgylar korrupsiýa garşy gaýduwsyz göreşijiniň uzakdaky jeza öýüne getirilendigini tassyklady.

Ol, kömekçileriniň we goldawçylarynyň aýtmaklaryna görä, Moskwanyň 240 km gündogarynda ýerleşýän türmeden näbelli bir tarapa alnyp gidileninden soň, iki hepdeden gowrak wagt bäri ýitirim bolupdy.

Nawalny ilki kezzapçylykda aýyplanyp, soňra ekstremizm aýyplamalarynda günäli tapylyp, awgust aýynda 19 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol bu aýyplamalaryň syýasy sebäpler esasynda toslanandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG