2024-nji ýylyň martynda Moskwanyň golaýyndaky "Krokus" şäher zalynda bolan terrorçylykly hüjüme gatnaşmakda aýyplanyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen adamlaryň biri Moskwadaky "Matros ümsümligi" deslapky tussaghanasynda öz janyna kast etdi diýip, RBK jezalaryň ýerine ýetirilmegi baradaky federal gulluga salgylanyp habar berdi.
"Wakanyň bolan ýerinde reanimasiýa çäreleri geçirildi, ýöne olar netije bermedi. Häzir derňew işleri alnyp barylýar" diýlip, beýanatda aýdylýar. Tussagyň ady agzalmady.
Birnäçe rus neşiri, şol sanda RIA “Nowosti” we “Kommersant” täjik raýaty Ýusufzoda Ýakubjoni Dawlathonyň öz janyna kast edendigini öňe sürýär. Ol 2024-nji ýylyň 31-nji martynda, 140-dan gowrak adamyň ölümine sebäp bolan terrorçylykly hüjümden birnäçe gün soň tussag edildi.
Dawlathon konsert zalyna edilen hüjüme gönüden-göni gatnaşmady. Ol hüjümden birnäçe gün öň "terrorçylary ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek" üçin pul geçirmekde we hüjümden soň jenaýatçylaryň birine pul geçirmekde günäli tapyldy.