Kiýew Ýetirilen zyýany hasaba alýan onlaýyn portal açdy we ukrainleri Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli çozuşy wagtynda “ýumrulan ýa-da zyýan çeken ýaşaýyş jaýlarynyň öwezini dolmagy talap etmegi” soramaga çagyrýar diýip, Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba 2-nji aprelde Gaagada geçirilen konferensiýada yglan etdi.
Kuleba öňki Twitter, häzirki X sosial ulgamynda ýazan maglumatynda “ukrainler häzirki wagtda adalata mätäç. Uzak geljekde däl” diýdi.
“Ukraina üçin adalaty dikeltmek” konferensiýasynyň jemleýji beýanatynda 44 ýurduň wekilleri “Russiýa Federasiýasynyň Ukraina garşy agressiýa hereketlerini” ýazgardylar.
Şeýle-de, olar “Ukraina garşy agressiýa jenaýatyny derňemek we jogapkärçilige çekmek üçin ýörite tribunal” döretmek isleýändiklerini tassykladylar.