Russiýanyň günbataryndaky Belgorod sebitiniň häkimiýetleri, ukrain güýçleriniň goňşy Kursk sebitine edýän hüjümlerini dowam etdirmekleriniň arasynda, sebitde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.
Biziň Belgorod sebitimizdäki ýagdaý adatdan daşary kyn we dartgynly bolmagynda galýar" diýip, gubernator Wýaçeslaw Gladkow 14-nji awgustda Telegramda ýazan ýazgysynda aýtdy. “ Ukrainanyň ýaragly güýçleri bu ýere her gün top oklaryny atýar. Jaýlar ýykyldy, parahat adamlar ýaralandy we öldürildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Belgorod mundan öň Ukraina we Kursk sebiti bilen serhetleşýän etraplaryndan müňlerçe parahat ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilendigini habar beripdi.
Moskwa Kursk, Belgorod we Braýank sebitlerinde "terrorçylyga garşy operasiýa" geçirýändigini yglan etdi.
Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi 14-nji awgustda aýtmagyna görä, Moskwanyň birnäçe ýüz kilometr günorta-günbataryndaky Woronež sebitinde 37 sany ukrain pilotsyz uçarynyň “ýok edilendigi” öňe sürüldi. Woronež sebitiniň häkimi Aleksandr Gusew pidalar barada habar berilmändigini, ýöne birnäçe ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetendigini aýtdy.
Umuman, ministrlik öten agşam Russiýadaky nyşanalara garşy 117 pilotsyz uçaryň uçurylandygyny we "dört taktiki raketanyň" atylandygyny, şol sanda 37 dronyň Kursk sebitinde "ýok edilendigini" habar berdi.
Söweş meýdanynda bolandygy aýdylýan zatlary garaşsyz ýagdaýda barlamak mümkin däl.
Russiýanyň esasy futbol ligasy 18-nji awgustda Woronežde geçirilmeli edilen duşuşygyň ýatyrylyp, muňa derek Moskwada geçiriljekdigini habar berdi.
Ukrain güýçleri 6-njy awgustda Russiýanyň Kursk sebitine duýdansyz hüjüm etdiler we Russiýanyň territoriýasynyň takmynan 1000 inedördül kilometrini eýeländiklerini öňe sürdüler.
Ukrainanyň ýokary derejeli harby serkerdesi, general polkownik Oleksandr Syrski 13-nji awgustda öz güýçleriniň Kursk sebitinde 74 sany ilatly nokady ele geçirendigini we, ýygjam söweşlere garamazdan, haýallyk bilen öňe süýşýändigini aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň "Wall Street Journal" gazeti 13-nji awgustda ady aýdylmadyk amerikan resmilerine salgylanyp, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Kursk sebitindäki hüjümine garşy durmak synanyşygynyň arasynda, Moskwanyň käbir goşun bölümlerini Ukrainanyň çäginden çykaryp, Kursk sebitine geçirendigini habar berdi.
Analitikleriň aýtmaklaryna görä, bu Kiýewiň esasy maksady bolupdyr.
Amerikan analitikleri Russiýa näçe goşun bölüminiň geçirilýändigi we munuň Ukrainadaky söweşlere nähili täsir edip biljekdigi häzirlikçe aýdyň däl diýdiler.
Russiýanyň “Wýorstka” neşiri 13-nji awgustda Telegramda Kursk sebitindäki söweşlerden ewakuasiýa edilen rus esgerlerine meýletinçi şertnamalaryny baglaşmak we fronta gaýdyp barmak basyşynyň artýandygyny ýazdy.
Şu aralykda rus rublynyň dollaryň garşylygyndaky hümmetini azaldyp, 6-njy awgustda başlanan hüjümden bäri bäri 8,5 göterim gymmatyny ýitirendigi habar berilýär.
Forum