Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Ali Larijani, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp "terrorçylary" amerikan harbylarynyň "doly güýji" bilen jezalandyrmagy dowam etdirmek wadasyny bereninden birnäçe sagat soň, Tähranyň Waşington bilen "gepleşik geçirmejekdigini" aýtdy.
Larijani 2-nji martda irden X-de ýazan ýazgysynda: "Biz Birleşen Ştatlar bilen gepleşik geçirmeris" diýdi.
"Eýran milleti şu günki günde özüni goraýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Mundan öň, Tramp "Truth Social" platformasynda ýerleşdirilen alty minutlyk wideosynda Eýrana garşy urşuň dört hepde dowam edip biljekdigini aýdypdy, emma ol Tähranda diri galan ýolbaşçylar bilen mundan beýläk geçirilip biljek gepleşikler üçin gapylary açyk goýan ýaly göründi.
"Birleşen Ştatlar we onuň hyzmatdaşlary soňky 36 sagadyň dowamynda dünýäde iň uly, iň çylşyrymly we iň töwerekleýin harby hüjümleriň biri bolan "Epiki gazap" operasiýasyna başladylar" diýip, Tramp aýtdy.
Ol Eýrandaky söweş operasiýalarynyň "häzirki wagtda doly güýjünde dowam edýändigini” we özleriniň tutan ähli maksatlaryna ýetýänçäler dowam etjekdigini aýtdy.
Tramp Eýranyň howpsuzlyk ýolbaşçylaryna, şol sanda Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusyna, harbylara we polisiýa işgärlerine "ýaraglaryny taşlap, doly eldegrilmesizlik almalydygyny ýa-da ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolmalydygyny" duýdurdy.
Ol Eýranyň diri galan harby serkerdeleriniň köpüsiniň eldegrilmesizlik almak teklibini kabul etmek isleýändigini we ony soramak üçin "müňlerçe adamyň jaň edýändigini" nygtady, emma bu ýagdaý barada anyk düşündiriş bermedi.
Tramp täze ýolbaşçylary göz öňünde tutup, ýakynda geçirilen gepleşikleriň petige dirändigini, ýöne Tähranyň gepleşik geçirmek mümkinçiliginiň şindi hem bolup biljekdigini aýtdy.
"Olar gürleşmek isleýärler, ýöne men siziň şu hepde däl-de, geçen hepde gürleşmelidigiňizi aýtdym" diýip, Tramp 1-nji martda "Daily Mail" gazetine beren interwýusynda aýtdy.
Wepat bolan ABŞ esgerlerini ýatlap
Tramp özüniň wideo arkaly eden ýüzlenmesinde çaknyşykda üç amerikan esgeriniň ölendigini boýun aldy. Ol olaryň ölümi üçin ar almak we "aslynda siwilizasiýa garşy urşa başlan terrorçylara garşy iň agyr zarba urmak" wadasyny berdi.
"Bir millet hökmünde, biz hakyky amerikan gahrymanlarynyň, millet üçin iň uly pida beren watançylaryň ýasyny tutýarys” diýip, Tramp olaryň janyny gurban eden adalatly missiýasynyň hatda matam wagtynda hem dowam etdirilýändigini nygtady.
"Gynansak-da, [pidalaryň] has köp bolmagy mümkin" diýip, ol duýdurdy. Tramp wepat bolan esgerleriň kimlerdigi ýa-da olaryň ölüminiň ýagdaýlary barada hiç hili maglumat bermedi.
Ol "ähli eýran watançylaryny" pursady ele almaga, "mert, batyr, gahryman bolmaga" we "ýurtlaryny yzyna almaga" çagyrdy.
"Amerika siziň bilen... Galany size bagly" diýip, Tramp Eýran jemgyýetçiligine bir gün öň aýdan sözlerini gaýtalady.
"Haçanda biz [harby operasiýany] tamamlanymyzda, hökümetiňizi öz üstüňize alyň. Ol siziňki bolar. Bu, belki-de, nesiller üçin ýeke-täk mümkinçiligiňiz bolar" diýip, Tramp 28-nji fewralda aýtdy.
Tramp Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýiň ölümini gutlady we ýykylan 86 ýaşly awtokrat lideri "betbagt we ýigrenji adam" diýip atlandyrdy, ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasynda köp sanly ýitgileriň bolandygy baradaky habarlaryň arasynda, amerikan prezidenti Eýranyň "harby serkerdeligiň hem ýok bolandygyny" aýtdy.
Tramp “Daily Mail” gazetine beren interwýusynda Eýrana garşy urşuň ýene bir aý dowam edip biljekdigini aýtdy.
“Biz bu dört hepdelik proses bolar öýdýäris” diýip, Tramp Floridadaky Mar-a-Lago mülkünden telefon arkaly beren interwýusynda aýtdy.
“Biz munuň dört hepde ýa-da şoňa golaý wagt aljakdygyny çakladyk. Bu hemişe dört hepdelik proses boldy, şonuň üçin - ol nähili güýçli bolsa-da, uly ýurt bolsa-da, dört hepde ýa-da ondan az wagt alar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Forum