Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Latwiýia serhoş sürüjilerden alnan 270 awtoulagy Ukraina berdi


Harkowda rus raketasyndan zyýan gören awtoulaglar
Harkowda rus raketasyndan zyýan gören awtoulaglar

Latwiýa şu ýyl içgili sürüjilerinden konfiskasiýa edilen 270-den gowrak awtoulagy Ukraina berdi. Bu ulaglaryň umumy bahasy takmynan 1,1 million dollar diýip, Latwiýanyň Delfi habar portaly 25-nji dekabrda habar berdi.

Latwiýanyň parlamenti fewral aýynda konfiskasiýa edilen ulaglary Ukraina mugt bermeli diýen karara geldi.

Russiýanyň urýan howa zarbalary we 2022-nji ýylyň başynda, Moskwanyň başlan urşundan bäri, Ukrainada barýan söweşler netijesinde raýat awtoulaglary yzygiderli zaýalanýar ýa-da ýok edilýär.

Uruşdan has köp zyýan çeken sebitlerden gaçyp çykmaga synanyşýan ukrain raýatlary bu hili ulaglara ýiti mätäçlik çekýär.

XS
SM
MD
LG