Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda pagta ýygym möwsüminiň depgini güýçlenýär, býujet işgärleri kösenýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Lebap welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri köpçülikleýin pagta ýygym möwsümine gatnaşmaga ýa-da öz zähmetine derek, pul hödürlemäge mejbur edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

Häkimiýetler her bir býujet edarasyna ‘adam salgydyny’ salýarlar. Meselem, Lebap welaýatynyň Baş bilim müdirliginden pagta ýygym möwsümine her gün 750 adam çykarmak talap edilýär. Sebitiň lukmançylyk edaralary 850 işgärini her gün ýygyma ugratmaly bolýar.

Adam gorlary iň köp bolan saglyk we bilim pudagyndan daşary, Lebap welaýatynyň jemagat hojalygy müdirligi, ýerli teatrlar we muzeýler, öý dolandyryş müdirlikleri, elektrik üpjünçilik kärhanalary, “Telekom” we “Türkmenpoçta” ýaly aragatnaşyk kärhanalary, howa we demir ýol menzilleri we beýleki döwlet edara-kärhanalary hem her gün ýygyma adam ibermeli bolýarlar.

“Umuman, ähli döwlet edara-kärhanalaryndan ýygyma 4-5 müň töweregi adam çekilmeli edilýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Iki hepde töweregi ozal täze okuw ýylyna girişen sebitiň bilim we terbiýeçilik edaralarynda sapaklar dowam edýär. Şonuň üçin, her bir mugallym öz zähmetine derek, pul kömegi bilen ýygym möwsümine goşant goşmaga mejbur edilýärler.

“Mugallymlaryň okatmaly sapagy bolansoň, her bir mugallym pagta üçin 30-40 manat aralygynda pul töleýär” diýip, bir magaryf işgäri aýdýar.

Habarçymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, tutuş sebit boýunça edara-kärhanalardan 4-5 müň töweregi adamyň ýygyma çykarylmagynyň talap edilýändigine garamazdan, gowaça meýdanlaryna çykýan adamlaryň umumy sany 1 müň adamdan geçmeýär. Ýygyma gatnaşmaýan býujet işgärleri öz zähmetine derek, edara ýolbaşçylaryna pul töleýärler.

Her bir edaradan pagta ýygym möwsümi boýunça bir işgär guramaçy hökmünde bellenipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan býujet işgärleri bu guramaçylary daýhan birleşikleriň başlyklary bilen dil düwşüp, ýygnalýan pullardan peýdalanmakda aýyplaýarlar.

“Her bir edara gündelik adam sanyny çykarýar we toplanan pullary hasaplaýarlar. Edaralar kolhoz başlyklary bilen gepleşip, ‘pagta ýygyldy’ diýip, welaýat häkimligine hasabat berýärler hem-de ýygylmaly pagtany [kagyz ýüzünde] satyn alýarlar” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Lebap welaýatynyň häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda şu ýyl 580 müň gektar gowaça meýdanyndan 1 million 200 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Ýurduň Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda 9-njy sentýabrda resmi taýdan ýygym möwsümine girişildi. Demirgazyk Daşoguz welaýatynda ýygyma 15-nji sentýabrda başlamak meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň hökümeti pagtaçylyk pudagynda mejbury ynsan zähmetinden peýdalanmakda ýyllarboýy halkara ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan tankyt edilýär.

Türkmen metbugaty pagtaçy kärendeçileriň “uly ruhubelentlik” bilen ýygym möwsümine girişýändigini hem-de hasylyň esasan tehnikalar bilen ýygnalýandygyny öňe sürýär. Resmi metbugata görä, ýygym möwsüminde 1600 töweregi pagta ýygyjy kombaýnlardan peýdalanylýar.

Mundan ozal, Azatlygyň Mary we Balkan welaýatlaryndaky habarçylary 11-nji sentýabrda nobatdaky pagta ýygymynda mejbury zähmetiň ozal görlüp-eşidilmedik derejede möwjeýändigini habar berdiler. Günbatar sebitde ýygym möwsümi bilen baglylykda “maşgala çäreleri”, şol sanda toýlar we sadakalar dilden çäklendirildi.

Biraz öň, Azatlygyň habarçylary Balkanabat şäheriniň saglyk öýlerindäki medisina işgärleriniň Bereket etrabyndaky gowaça meýdanlaryna ýygyma iberilýändiklerini habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we elektron neşirler pagta ýygym möwsüminde mejbury zähmetden peýdalanylmagy barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG