Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lola Kerimowa-Tillýaýewa Bewerli Hillsdäki aýratyn jaýyny 36 million dollara satdy – WSJ


Lola Kerimowa-Tillýaýewa we onuň adamsy Timur Tillýaýew Bewerli Hillsdäki gozganmaýan emläginiň satylyşy baradaky sowallara jogap bermediler.
Lola Kerimowa-Tillýaýewa we onuň adamsy Timur Tillýaýew Bewerli Hillsdäki gozganmaýan emläginiň satylyşy baradaky sowallara jogap bermediler.

Özbegistanyň öňki prezidentiniň kiçi gyzynyň we giýewiniň "Le Palais" köşgüniň satyjysy bir kompaniýa boldy. Takmynan 2011-nji ýyllar töwereginde gurlan Le Palais emläginiň satylmagy şäheriň kaşaň harytlar bazarynyň täsirli wakasyna öwrüldi. The Wall Street Journal neşiriniň ýazmagyna görä, satuwyň we bahalaryň peselendigi görünýär.

Bewerli Hills (Kaliforniýa) gozganmaýan emläkler reýestrine görä, "Le Palais" diýlip atlandyrylýan ("Täze Aý" hem diýilýän), takmynan 4450 inedördül metrlik köşk 36 million dollara satylypdyr.

Satyjy Özbegistanyň aradan çykan prezidenti Yslam Kerimowyň kiçi gyzy Lola Kerimowa-Tillýaýewa we onuň ýanýoldaşy telekeçi Timur Tillýaýew bilen bagly kompaniýa bolup çykdy. Kompaniýa bu emlägi 2013-nji ýylda, 32,75 million dollara satyn alypdy.

Satyn alan şahs nämälim.

Le Palais 2011-nji ýylda, supermodeller Gigi we Bella Hadidiň kakasy, Los-Anjelesiň iň gymmat ýerlerinde kaşaň myhmanhanalary we köşkleri gurmak bilen giňden tanalýan Muhammed Hadid tarapyndan gurlupdy. Köşk Bewerli

Hills oteliniň garşysynda ýerleşýär we onuň alnynda ýüzüne el bilen oýulyp nagyşlanan fransuz hek daşy fasady bar. Emlägiň dokumentinde jaýyň ýedi ýatylýan otagynyň bardygy görkezilýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, Lola Kerimowa-Tillýaýewa we onuň adamsy Timur Tillýaýew soraglara jogap bermändirler.

Yslam Kerimow Sowet Soýuzy dargandan soň, Özbegistany 25 ýyl dolandyrdy. Ozalky diplomat Kerimowa-Tillýaýewa haýyr-sahawatçy we «Harmonist Maison de Parfum» atly parfýum kompaniýasynyň esaslandyryjysy diýlip, neşiriň web-saýtynda aýdylýar.

Lola Kerimowa-Tillýaýewanyň 33 million dollara satyldy diýilýän jaýy. Eagleview.com. saýtynyň suraty
Lola Kerimowa-Tillýaýewanyň 33 million dollara satyldy diýilýän jaýy. Eagleview.com. saýtynyň suraty

"Miller Samuel" baha kompaniýasynyň habar bermegine görä, häzir ABŞ-nyň kaşaň emläkler bazarynda bahalar peselýär. 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde, Bewerli Hillsde ýeke-täk maşgala jaýlarynyň satylyşy geçen ýylyň degişli döwrüne garanda 28,9% peseldi. Dört aýyň dowamynda ýeke-täk maşgala jaýlarynyň orta bahasy 7 million dollara barabar boldy, munuň özi geçen ýyldakydan 13% aşakda durýar. Lola Kerimowanyň Los-Anjelesdäki The Harmonist parfýumeriýa dükany Tillýaýewleriň eýeçiligindäki kaşaň Le Palais köşgünden pyýada ýöräniňde, birnäçe minutlyk aralykda ýerleşýär.

Dükanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen reklamada, Kerimowa dünýäde örän seýrek we iň gymmatly tebigy serişdelerden taýýarlanýandygy aýdylýan parfýumlary satýar.

Variety.com neşiriniň ýazmagyna görä, är-aýal 4 450 inedördül metrlik bu jaýy 33 million dollara satyn alypdyrlar. "Muhammed Hadid tarapyndan gurlan ägirt uly binada, üsti ýapyk howuz, 200 myhman üçin bal zaly, 40 adamlyk kinoteatr, 10-dan gowrak ulaga niýetlenen ýerasty garaž we massaž otaglary bar” diýip, neşir ýazýar.

Şol wagtyň özünde, amerikan neşiri Kerimowanyň Los-Anjelesdäki satylan jaýynyň oňa degişli gozganmaýan emlägiň sanawynda, iň gymmatlysy däldigini belleýär.

"Bewerli Hills şäherinde, Parižde we Şweýsariýanyň Ženewa kölüniň golaýyndaky iň saýlantgylaryň köçesiniň ugrunda ýerleşýän willada ýaşaýan bu maşgala ýerli media maglumatlaryna görä, Şweýsariýadaky jaýyny 47 million töweregi şweýsar frankyna satyn alypdyr” diýip, variety.com saýtynyň makalasynda aýdylýar.

2020-nji ýylyň awgustynda, Amerikan metbugatynyň ýazmagyna görä, Lola Kerimowa-Tillýaýewa Holliwud baýyrlygyndaky willalarynyň üçüsini satuwa çykarypdy.
2020-nji ýylyň awgustynda, Amerikan metbugatynyň ýazmagyna görä, Lola Kerimowa-Tillýaýewa Holliwud baýyrlygyndaky willalarynyň üçüsini satuwa çykarypdy.

Lola Kerimowa-Tillýaýewa kakasynyň prezidentlik döwründe, Özbegistanyň ÝUNESKO-daky ilçisi bolan wagtynda, dünýäniň iň gymmat şäherleriniň iň gymmat bahaly ýerlerinden, on millionlarça dollarlyk willa satyn alanyndan soň, Günbatar metbugatynyň nazaryna düşdi.

Onuň äri Timur Tillýaýew bolsa Özbegistanyň iň uly Abu-Sahiý bazarnyň eýesi bolupdy.

Bu är-aýalyň ägirt uly baýlygy, hususan-da, Günbatar ýurtlarynda alyp baran kaşaň ýaşaýşy birnäçe žurnalistleriň barlaglaryna sebäp boldy.

Hususan, The Black Sea žurnalistika barlag guramasy we fransuz hepdelik Mediapart tarapyndan, 2017-nji ýylda çap edilen makalada aýdylyşyna görä, “Abu Sahiý” kompaniýasy 127 million dollarlyk nagt puly çylşyrymly ofşor bank ulgamlary arkaly Birleşen Arap Emirliklerine we Şweýsariýa geçiripdir.

2020-nji ýylyň awgustynda, ABŞ-nyň metbugaty Lola Kerimowa-Tillýaýewanyň ABŞ-daky iň gymmat ýerlerinden biri hasaplanýan Hollywood baýyrlaryndaky bir däl, eýsem üç willasyny bir wagtda satuwa çykarandygyny ýazdy.

Bu willalaryň üçüsi-de 2014-nji ýylda, ofşor kompaniýalary arkaly 16,1 million dollara satyn alnypdy, emma 2020-nji ýylyň awgustynda, olaryň bahasy 18,9 million dollara barabar boldy.

ABŞ metbugatynyň maglumatyna görä, 2014-nji ýyldan başlap, jaýlar satyn alnanda, ýagny 2020-nji ýylyň awgustyna çenli, Tillýaýewler bu willalaryň hiç birinde ýaşamandyrlar.

44 ýaşly Lola Kerimowa Özbegistanyň aradan çykan prezidenti Yslam Kerimowyň ikinji gyzy.

Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara 2014-nji ýyldan bäri, Özbegistanyň kazyýeti tarapyndan, agyr ykdysady jenaýatlarda, şol sanda uly möçberdäki parahorlukda we pul ýuwmakda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG