Londonyň polisiýasy 29-njy martda eýranly žurnalistiň pyçaklanmagynyň Terrorçylyga garşy göreş topary tarapyndan derňelýändigini aýtdy, ýöne derňewçiler hüjümiň sebäbiniň näme bilen baglanyşykly bolup biljekdigini anyklaşdyrmadylar.
Polisiýanyň 2-nji aprelde ýaýradan beýanatynda häkimiýetleriň öz-özüni sürgün eden žurnalist Pouria Zeraatiniň aýagyna şikes ýeten hüjüme üç şübheliniň gatnaşandygyna ynanýandygy aýdylýar.
Üç adam wakadan gysga wagt geçensoň, ulaglaryny taşlap, birnäçe sagadyň içinde howa ýollary arkaly ýurdy terk etdi diýip, Londonyň polisiýasy aýdýar.
Zeraati, Eýranyň hökümetini tankytlaýan “Eýran halkara telewideniýesinde” işleýär.